Çölde ysraýyl halky bilen ýaşan hem şu Musadyr, Sinaý dagynda perişde bilen gepleşip, ata-babalarymyz bilen bile bolan hem şoldur. Ol ýaşaýyş sözlerini kabul edip, olary bize ýetirdi.
Onda Mukaddes Kanun nämä gerek boldy? Ol günäniň nämedigini görkezmek üçin goşmaça berlipdi. Kanun Hudaýyň wadasy we Ybraýymyň nesli bolan Mesih gelýänçä hereket etdi. Bu Kanun perişdeler arkaly töwellaçy Musanyň gatnaşmagynda berlipdi.
Emma sünnetlenmäniň tarapdarlarynyň özleri-de Mukaddes Kanuny berjaý edýän däldir. Olar siziň sünnetlidigiňiz babatda magtanmak üçin, sizi sünnetletjek bolýarlar.
Ol şeýle diýdi: «Reb Sinaý dagyndan geldi, halkyna Segirden dogdy, Paran dagyndan nur saçdy. Ýanynda on müňlerçe perişde bardy, sag elinde lowlaýan ot bardy.