Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:5 - Mukaddes Kitap

5 Hudaý bu ýerden onuň özüne mülk bermedi, hatda bir garyş ýer-de bermedi. Emma heniz perzendi bolmasa-da, bu ýurdy onuň nesline mülk edip bermegi wada berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Худай бу ерден онуң өзүне мүлк бермеди, хатда бир гарыш ер-де бермеди. Эмма хениз перзенди болмаса-да, бу юрды онуң неслине мүлк эдип бермеги вада берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:5
22 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama görnüp: «Men şu ýurdy seniň nesliňe berjek» diýdi. Ybram ol ýerde özüne görnen Rebbe gurbanlyk sypasyny ýasady.


Görýän tutuş ýurduňy Men saňa hem-de seniň nesliňe ebedilik berjekdirin.


«Müsür derýasyndan tä beýik Ýewfrat derýasyna çenli uzalyp gidýän şu ýurdy: keýnleriň, kenizleriň, kadmonlaryň, hetleriň, perizleriň, rapalaryň, amorlaryň, kenganlaryň, girgaşlaryň we ýabuslaryň ýaşaýan ýurduny Men seniň nesliňe berýändirin» diýip, hut şol gün Reb Ybram bilen äht edişdi.


Bir gün Seraý Ybrama: «Sered-ä, Reb meni çaga dogurmakdan saklady. Sen meniň gyrnagym bilen ýat. Belki, ol maňa çaga dogrup berer» diýdi. Ybram Seraýyň sözüne gulak asdy.


Häzirki gelmişek bolup ýaşap ýören ýeriň bolan Kengan ýurduny tutuşlygyna Men saňa hem-de nesliňe ebedilik mülk edip bererin. Men olaryň Hudaýy bolaryn».


«Men siziň araňyzda ýaşaýan bir gelmişekdirin. Maňa öz araňyzdan aýalymy jaýlar ýaly ýer beriň» diýdi.


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl ýurdundaky harabaçylyklarda ýaşaýan ilat: „Ybraýym ýeke adamdy, ol bu ýurdy miras aldy; emma biz köp; indi bu ýurt mülk hökmünde bize berlendir“ diýýärler».


Reb maňa: „Tur, bu halka baş bol, ýörişiňizi dowam ediň. Olar Meniň ata-babalaryna wada eden ýurduma baryp, ony mülk edinsinler“ diýdi.


Rebbiň ata-babalaryňyza we olaryň nesillerine bermegi wada eden süýt we bal akýan ýurdunda uzak ömür sürersiňiz.


Olar bilen urşa girişmäň, çünki Men size olaryň ýerinden ýekeje garyş-da ýer berjek däl. Çünki Segir daglygyny Men Ysawa mülk berdim.


Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Ine, seniň nesilleriňe bermegi Ybraýyma, Yshaga we Ýakuba söz beren ýerim şudur. Men saňa ony öz gözleriň bilen görmäge rugsat berýärin, emma sen ol tarapa geçmersiň».


Olaryň ýurduny eýelemegiňiz, siziň dogruçyldygyňyz ýa-da päk ýüreklidigiňiz üçin däldir. Bu halklaryň erbetdigi sebäpli, Hudaýyňyz Reb olary siziň öňüňizden kowup çykarýar. Şeýle hem, Reb muny ata-babalaryňyz Ybraýyma, Yshaga, Ýakuba wadasyny ýerine ýetirmek üçin edýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan