Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:44 - Mukaddes Kitap

44 Ata-babalarymyzyň çölde äht çadyry bardy. Çadyr edil Hudaýyň Musa buýruşy ýaly, Onuň beren nusgasy boýunça gurlandy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

44 Ата-бабаларымызың чөлде әхт чадыры барды. Чадыр эдил Худайың Муса буйрушы ялы, Онуң берен нусгасы боюнча гурланды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:44
17 Iomraidhean Croise  

Soňra Dawut ogly Süleýmana öýüň eýwanynyň, jaýlarynyň, hazynalarynyň, üstküdir içki otaglaryň, Äht sandygyň gapagynyň nusgasyny berdi.


Soňra Dawut patyşa: «Şularyň barynyň nusgalary maňa Reb tarapyndan ýazuw üsti bilen berildi» diýdi.


Şeýdip, Ýowaş patyşa Ýehoýada baştutany çagyryp, oňa şeýle diýdi: «Näme üçin Rebbiň guly Musanyň ysraýyl halkyna Äht çadyry üçin salan salgydyny Ýahudadan we Iýerusalimden getirmekligi lewilerden talap etmediň?»


Ine, sen bularyň hemmesini dagda saňa görkeziljek nusganyň esasynda ýasarsyň.


Mukaddes çadyry dagda saňa görkezilen nusganyň esasynda gur.


Gurbanlyk sypasynyň daşyny tagtadan ýasap, gutusynyň içini boş goý. Ol saňa edil dagda görkezilişi ýaly ýasalsyn.


Ine, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.


Ysraýyllaryň Müsürden çykanlaryndan soňky ikinji ýylyň ikinji aýynda, aýyň ýigrimisi güni mukaddes äht çadyrynyň depesinden bulut göterildi.


Ogullaryň bilen äht çadyrynyň öňünde hyzmat edýärkäň, ataňyz Lewiniň tiresinden bolan ähli dogan-garyndaşlaryňyz size goşulyp, size hyzmat ederleri ýaly, olary-da ýanyňa getir.


Mukaddes çadyryň, ýagny äht çadyrynyň gurlan güni, ony bulut gaplap aldy. Agşamdan tä ertire çenli bulut oda meňzäp, mukaddes çadyryň depesinde durdy.


Ol Mukaddes çadyrda, ynsanyň däl-de, hut Rebbiň guran hakyky çadyrynda hyzmat edýär.


Olar ýerdäki Mukaddes çadyrda hyzmat edýärler. Bu çadyr bary-ýogy gökdäki hakyky Çadyryň görnüşi we kölegesidir. Şonuň üçin hem Hudaý Mukaddes çadyry nähili ýasamalydygy barada Musa şeýle görkezme beripdi: «Ähli zady dagda özüňe görkezilen nusganyň esasynda ýasarsyň».


Tutuş ysraýyl jemagaty Şiloda ýygnanyşdy we ol ýerde Rebbe ýüz tutulýan çadyr guruldy. Çünki ähli ýerler ysraýyllara tabyn bolupdy.


Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan