Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:30 - Mukaddes Kitap

30 Aradan kyrk ýyl geçenden soň, Sinaý dagynyň golaýyndaky çölde ýanyp duran çalynyň ortarasynda oňa bir perişde göründi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Арадан кырк йыл геченден соң, Синай дагының голайындакы чөлде янып дуран чалының ортарасында оңа бир перишде гөрүнди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:30
24 Iomraidhean Croise  

Ylýas pygamber turup iýip-içdi. Onsoň ol naharyň güýjüne kyrk gije-gündizläp ýol ýöräp, Hudaýyň dagy Horebe geldi.


Men seniň ata-babalaryňyň: Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn» diýdi. Musa Hudaýa seretmekden gorkup, ýüzüni ýapdy.


Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.


Seniň bilen bolaryn suwlardan geçeniňde, derýalardan geçeniňde, seni gark etmez olar, oduň içinden ýöräniňde ýanmarsyň, ýalyn ýakmaz seni.


Olar azap çekende, gynandy Ol. Huzuryndan gelen perişde olary halas etdi; söýgüsi we rehimi bilen azat etdi olary; owaldan olary elinde göterip geldi.


Emirler, serdarlar, häkimler we patyşanyň geňeşçileri üýşüp, oduň bu adamlara hiç hili zyýan ýetirmändigini gördüler. Olaryň başlaryndaky saçlary-da çirkizilmändi, donlaryna-da zeper ýetmändi, hatda olaryň üstüne oduň ysy hem urmandy.


Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.


Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi.


Musa-da ölüleriň direlýändigini tassyklap, ýanýan çaly baradaky bölümde Rebbi „Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýy“ diýip atlandyrýar.


Hudaýyň Ybraýyma beren wadasynyň wagty golaýladygyça, halkymyzyň sany hem Müsürde barha köpelýärdi.


Musa ony görüp haýran galdy. Ol bu geň hadysany ýakynrak baryp görmekçi bolanda, Reb oňa şeýle seslendi:


„Men seniň ata-babalaryň Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“. Musa gorkusyndan titräp başlady we seretmäge ýürek etmedi.


Ine, bu Musa: „Kim seni bize hökümdar ýa-da kazy edip goýdy?“ diýip, halkyň inkär eden Musasydy. Hudaýyň Özi ony çalyda görnen perişdäniň üsti bilen hökümdar hem halasgär edip ýollady.


Hajar Arabystandaky Sinaý dagyny aňladyp, häzirki Iýerusalime hem meňzeýär. Sebäbi ol çagalary bilen gulçulykdadyr.


ýeriň iň gymmat peşgeşi we dolulygy bilen, ýanýan çalyda Görneniň merhemeti bereket bersin. Bu bereketler öz doganlarynyň arasyndan saýlanyp-seçilen Ýusubyň başyna ýagsyn.


Emma Reb sizi demir ojagy bolan Müsürden çykaryp getirip, görüp durşuňyz ýaly, sizi Özüniň saýlan aýratyn halky etdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan