Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:3 - Mukaddes Kitap

3 Hudaý oňa: „Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git“ diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Худай оңа: „Өз юрдуңы, ковумдашларыңы ташла-да, Мениң саңа гөркезҗек үлкәме гит“ дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:3
11 Iomraidhean Croise  

Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.


Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi.


Hudaý meni atamyň öýünden Öz saýlan ýurduna gitmäge çagyranda, men Sara: „Sen maňa wepaly bol. Men barada soran her kişä bu meniň erkek doganym diý“ diýdim».


Öz huzuryňda ýüregini sadyk tapyp, kenganlaryň, hetleriň, amorlaryň, perizleriň, ýabuslaryň, girgaşlaryň ýurduny nesline bermek hakda onuň bilen äht edişen we ähtini ýerine ýetiren adalatly Hudaýsyň.


Atasyny, enesini Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir. Ogluny, gyzyny Menden artyk söýen Maňa mynasyp däldir.


Şeýlelikde, siziň her biriňiz ähli zadyňyzdan el çekmeseňiz, Meniň şägirdim bolup bilmersiňiz.


Şeýlelikde, Ybraýym babyllylaryň ýurduny terk edip, Haranda ornaşdy. Kakasy aradan çykandan soň, Hudaý ony Harandan çykaryp, siziň häzirki oturan ýurduňyza göçürdi.


«Şoňa görä-de, olaryň arasyndan çykyň-da, olardan aýrylyň». Muny Reb diýýär. «Haram zatlara el degirmäň, şonda Men sizi kabul ederin».


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Emma Men ataňyz Ybraýymy Ýewfrat derýasynyň boýundan äkidip, tutuş Kenganyň ýerini berdim we onuň neberelerini köpeltdim. Men oňa Yshak diýen bir ogul berdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan