Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:26 - Mukaddes Kitap

26 Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“ diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Эртеси гүн Муса ики ысрайыллы адамың давалашып дураныны гөрди ве янларына барып, олары ярашдырмага сынанышды. Олара: „Эй, адамлар, сиз доган ахыры! Нәме үчин бири-бириңизе азар берйәрсиңиз?“ дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:26
12 Iomraidhean Croise  

Şonda Ybram Luta: «Öz aramyzda-da, çopanlarymyzyň arasynda-da dawa-jenjel bolmasyn. Biz garyndaşdyrys.


Onsoň Ýusup doganlaryny ugradyp, olara: «Ýolda dawalaşaýmaň» diýdi.


Eý, Rebbe ähli hyzmat edýänler – gijesine Reb öýünde durýanlar, Rebbi alkyşlaň!


Öýkeli dogan içine aralaşyp bolmaýan berk galadyr, aralykdaky dawa bolsa, galanyň gözenekli gapysy ýalydyr.


Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenara geçmeklerini buýurdy.


Musa: „Hudaý halkymy meniň üstüm bilen azat etmekçi, halkym muňa düşüner“ diýip pikir etdi, emma olar muňa düşünmediler.


Şunlukda, eger Mesih bilen bolmaklyk sizi ruhlandyrýan bolsa, Onuň söýgüsinden teselli tapýan bolsaňyz, Mukaddes Ruh bilen ýakyn gatnaşyk saklaýan bolsaňyz, rehim-şepagatyňyz we duýgudaşlygyňyz bar bolsa,


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan