Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:25 - Mukaddes Kitap

25 Musa: „Hudaý halkymy meniň üstüm bilen azat etmekçi, halkym muňa düşüner“ diýip pikir etdi, emma olar muňa düşünmediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

25 Муса: „Худай халкымы мениң үстүм билен азат этмекчи, халкым муңа дүшүнер“ дийип пикир этди, эмма олар муңа дүшүнмедилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:25
20 Iomraidhean Croise  

Siriýa patyşasynyň Nagaman atly bir serkerdesi bardy. Ol jenabynyň öňünde iň abraýly hem-de iň uly hormata eýe bolan adamdy, çünki Reb Nagamanyň üsti bilen Siriýa ýeňiş beripdi. Bu batyr ýigit ýokançly deri keselinden ejir çekýärdi.


Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.


Musa eýlesine-beýlesine göz gezdirdi, hiç kime gözi düşmänsoň, ol ýaňky müsürlini öldürdi we onuň jesedini çägä gömüp gizledi.


Emma olar bu sözlere düşünmediler, soramaga-da gorkdular.


Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenilgidi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.


Emma olar bu söze düşünmediler. Bu sözüň manysy olar üçin gizlin bolup galdy, olar bu barada Isadan soramaga-da gorkdular.


Antiýoha gelenlerinden soň, resullar ýygnagy bir ýere çagyryp, olara Hudaýyň özleri arkaly ähli bitiren işlerini we ýahudy dälleriň iman etmegi üçin, Onuň açan ýoly barada gürrüň berdiler.


Iýerusalime gelenlerinde bolsa, resullardyr ýolbaşçylar we tutuş ýygnak olary gyzgyn garşylady. Pawlus bilen Barnap Hudaýyň özleri arkaly bitiren ähli işlerini ýygnananlara gürrüň berdiler.


Ýygnakda gürrüň uzaga çekensoň, Petrus ýerinden turup, olara şeýle diýdi: «Doganlar! Özüňiz bilýänsiňiz, keseki milletlere Hoş Habary wagyz etmegim üçin, ençeme wagt mundan öň Hudaý araňyzdan meni saýlady. Ol muny milletleriň Hoş Habary eşidip, iman etmegi üçin şeýle etdi.


Pawlus olar bilen salamlaşandan soň, öz hyzmaty arkaly Hudaýyň keseki milletleriň arasynda eden işlerini birin-birin gürrüň berdi.


Müsürlilerden biriniň ysraýyl halkyndan birine azar berýändigini görende, Musa oňa arka durdy. Ol müsürlini öldürip, ysraýyllynyň aryny aldy.


Ertesi gün Musa iki ysraýylly adamyň dawalaşyp duranyny gördi we ýanlaryna baryp, olary ýaraşdyrmaga synanyşdy. Olara: „Eý, adamlar, siz dogan ahyry! Näme üçin biri-biriňize azar berýärsiňiz?“ diýdi.


Hawa, muny batyrgaýlyk bilen diýýärin, sebäbi başga milletleriň Hudaýa tabyn bolmagy üçin, Isa Mesihiň özüm arkaly eden işleri barada aýdýandyryn. Ol muny sözde we işde,


Emma men nähili bolsam-da, diňe Hudaýyň merhemeti arkaly şeýle boldum. Onuň maňa eden merhemeti puja çykmady: men hemmelerden-de köp zähmet çekdim. Aslynda muny men däl-de, maňa ýar bolan Hudaýyň merhemeti etdi.


Çünki biz Hudaýyň işdeşidiris; siz Hudaýyň ekini, Onuň ymaratysyňyz.


Biz Hudaýyň işdeşleri hökmünde size ýalbarýarys: Ondan alan merhemetiňizi harlamaň.


Şu maksat bilen janymy aýaman zähmet çekýärin, Mesihiň özüme täsir edýän gudratly güýjüne daýanýaryn.


Olar: «Biz seni daňyp, piliştlileriň eline bermek üçin geldik» diýenlerinde, Şimşon olara: «Meni öldürmejegiňize ant içiň» diýdi.


Şondan soň halk: «Ýonatany öldürjekmi? Ysraýyly şu beýik ýeňşe ýetireni öldürmekçimi?! Başa barmaz! Rebden ant içýäris, Ýonatana barmagyňam batyrmarsyň. Çünki bu gün ol Hudaýyň ýardam bermegi bilen söweşdi» diýip, Şawula garşylyk görkezdiler. Şeýdip, halk Ýonatanyň başyny ölümden gutardy.


Ol janyny howp astyna salyp, Jalut piliştli bilen söweşdi. Şonda Reb tutuş Ysraýyla beýik ýeňiş getirdi. Sen bu işleri görüp hoşal bolduň. Şu zatlardan soň nädip sen Dawuda ýamanlyk etjek? Ol bigünä ahyryn. Ony öldürmäge esas ýok».


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan