Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:23 - Mukaddes Kitap

23 Musa kyrk ýaşyna ýetende, öz ildeşleri bolan ysraýyl halkynyň arasyna görme-görşe gitmegi ýüregine düwdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

23 Муса кырк яшына етенде, өз илдешлери болан ысрайыл халкының арасына гөрме-гөрше гитмеги йүрегине дүвди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:23
18 Iomraidhean Croise  

Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Şondan soňra Hudaý tarapyndan kalby oýarylan her kes – ýahuda we benýamin tireleriniň urugbaşylary hem-de ruhanylardyr lewileri baryp, Rebbiň Iýerusalimdäki ybadathanasyny bina etmek üçin, ýol şaýlaryny tutup ugradylar.


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Her kim ýüreginden besläp, göwnünden çykaranyny Rebbe ýüz tutulýan çadyr üçin, onuň hyzmaty üçin we mukaddes lybaslar üçin Rebbe sadaka getirdiler.


Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


Musa gaýynatasy Ýitronyň ýanyna gelip, oňa: «Maňa yzyma, Müsüre öz dogan-garyndaşlarymyň ýanyna gitmäge ygtyýar ber. Olar dirimikä, gidip göreýin» diýdi. Ýitro Musa: «Sag-aman gidip gel» diýdi.


Faraon bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.


Patyşanyň ýüregi Rebbiň elinde akar ýap ýalydyr, ony islän tarapyna öwürýändir.


Birnäçe günden soň Pawlus Barnaba: «Indi Rebbiň Hoş Habaryny wagyz eden şäherlerimize dolanyp baraly, ol ýerdäki doganlarymyzy görüp, hal-ýagdaýlaryny soraly» diýdi.


Müsürlilerden biriniň ysraýyl halkyndan birine azar berýändigini görende, Musa oňa arka durdy. Ol müsürlini öldürip, ysraýyllynyň aryny aldy.


Hudaýa müň-de bir şükür! Ol Titusyň-da ýüregine size bolan yhlasy saldy.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan