Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 7:2 - Mukaddes Kitap

2 Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Стефан шейле җогап берди: «Эй, доганлар ве аталар! Мениң сөзлериме гулак асың. Атамыз Ыбрайым Харанда месген тутманка, хениз Месопотамиядака оңа шөхратлы Худай гөрүнди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 7:2
29 Iomraidhean Croise  

Tera ogly Ybramy, agtygy Haranyň ogly Luty, gelni bolan Ybramyň aýaly Seraýy öz ýanyna alyp, Kengan topragyna gitmek üçin babyllylaryň Ur galasyndan çykyp gaýtdy. Olar Harana gelip, şol ýerde mesgen tutdular.


Reb Ybrama şeýle diýdi: «Öz ýurduňy, kowumdaşlaryňy we ataňyň hojalygyny taşla-da, Meniň saňa görkezjek ülkäme git.


Ol aýaly Seraýy, doganynyň ogly Luty hem-de Harandaky ähli mal-mülküni we gullaryny alyp, Kengan ýurduna tarap ýola düşdi. Olar Kengana geldiler.


Reb Ybrama: «Şu ýurda eýe bolmagyň üçin, seni babyllylaryň Ur galasyndan çykaran Reb Mendirin» diýdi.


Ýakup ol ýerdäki adamlardan: «Doganlar, siz nireden?» diýip sorady. Olar: «Biz haranly» diýdiler.


Ýa Beýik Hudaý, Ybramy saýlap, ony babyllylaryň Ur galasyndan çykaryp, oňa Ybraýym adyny beren Sensiň.


Onuň ähtiniň düzgünlerini saklaýanlara söýgi bilen sadyklykdyr Rebbiň ähli ýollary.


Ýatlama Sen ýaşlyk günälerimi hem-de bitabynlyk ýodalarymy. Ýa Reb, sadyk söýgiňe görä, Öz ýagşylygyň hatyrasyna ýada sal meni.


Ýa Reb, Hudaýym, Saňa dat-perýat etdim, Sen hem maňa şypaňy berdiň.


Ata-babalarymyň derbi-dagyn eden milletlerini – Gozany, Harany, Resepi we Telasarda bolan Eden halkyny öz hudaýlary ata-babalaryňyň elinden halas etdimi?


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Olar biri-birine şeýle diýdi: «Hökmürowan Reb mukaddesdir, mukaddesdir, mukaddesdir. Tutuş älem Onuň şöhratyndan doludyr».


Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.“


«Gökler gögünde Hudaýa şöhrat bolsun! Hudaýdan merhemet tapan ýerdäki ynsanlara parahatlyk bolsun!» diýýärdiler.


Söz ynsan bolup, aramyzda ýaşady. Ol merhemetden we hakykatdan doludy. Biz Onuň şöhratyny, ýagny Atadan gelen Ýeke-tägiň şöhratyny gördük.


Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr.


«Eý, doganlar, atalar! Indi meniň özümi aklap aýtjak sözüme gulak asyň».


Pawlusyň bu sözünden soňra fariseýler bilen saddukeýleriň arasyna agzalalyk düşüp, ýygnanan mähelle ikä bölündi.


Onsoň baş ruhany Stefandan: «Bu aýyplamalar dogrumy?» diýip sorady.


Bu danalyga dünýä ygtyýarlylarynyň hiç biri düşünmedi. Çünki düşünen bolsadylar, şöhratly Rebbi haça çüýlemezdiler.


Men Hudaý – Rebbimiz Isa Mesihiň beýik Atasyna siziň üçin dileg edýärin. Goý, Ol size Ony has oňat tanap bilmegiňiz üçin, size Mukaddes Ruhuň akyldarlygyny hem ylhamyny bersin.


Biz bu ýörelgä eýerip, ajaýyp umydymyz bolan beýik Hudaýymyz we Halasgärimiz Isa Mesihiň şan-şöhrat içinde göklerden inmegine garaşýarys.


Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy.


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň.


Soňra Ýeşuwa ähli halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Siziň ata-babalaryňyz mundan köp ýyl öň Ýewfrat derýasynyň boýunda ýaşap, başga hudaýlara gulluk etdiler. Olaryň biri hem Ybraýym bilen Nahoryň kakasy Terady.


«Ýa Reb Hudaýymyz! Sen şöhrata, hormata we gudrata mynasypsyň. Hemme zady Sen ýaradansyň. Ählisi yradaňa görä döredildi we ýaradyldy» diýýärdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan