1 Onsoň baş ruhany Stefandan: «Bu aýyplamalar dogrumy?» diýip sorady.
1 Онсоң баш руханы Стефандан: «Бу айыпламалар догрумы?» дийип сорады.
Ýokary mejlisde oturanlar Stefana dikanlap seretdiler we onuň ýüzüniň edil perişdäniň ýüzüne meňzeýändigini gördüler.
Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.