Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:7 - Mukaddes Kitap

7 Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Шейлеликде, Худайың Хош Хабары хас-да яйрап, Иерусалимде шәгиртлериң саны барха көпелйәрди. Көп санлы руханылар-да иман этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:7
25 Iomraidhean Croise  

Emma ruhanylar azdyklary üçin ýakma gurbanlyklarynyň hemmesiniň derisini soýup bilmediler. Iş gutaryp, galan ruhanylar inlerini tämizleýänçäler, doganlary lewiler ruhanylara ýardam etdiler, lewiler inlerini tämizlemekde ruhanylara garanda has sap ýüreklidiler.


Ýahuda patyşasy Hizkiýa halka gurbanlyk üçin müň öküz, ýedi müň goýun berdi, baştutanlar hem halka müň öküz, on müň goýun berdiler. Köp sanly ruhanylar inlerini tämizlediler.


Emma ilkinjileriň köpüsi soňkular, soňkularyň köpüsi hem ilkinjiler bolar» diýdi.


Şimgon olara ak pata berip, enesi Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa ýalkanar.


Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar.


Hudaýyň Hoş Habary bolsa barha ýaýbaňlanyp, imanlylaryň sany günsaýyn artýardy.


Emma Barýeşa Barnap bilen Şawula garşy çykdy. Barýeşanyň beýleki ady Eýlim bolup, bu jadygöý diýmegi aňladýar. Ol häkimi iman etmekden ýüz öwürtmäge synanyşdy.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Şeýlelikde, Rebbiň Hoş Habary barha ýaýrap, güýç-gudraty artýardy.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


Olar muny eşidip, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Soňra Pawlusa şeýle diýdiler: «Görýäňmi, dogan, ýahudylaryň arasynda müňlerçe imanly bar. Olaryň hemmesi-de Mukaddes Kanuna özlerini ýürekden bagyş edenler.


Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.


Hudaý maňa Isa Mesih arkaly merhemet berip, resullyga saýlady. Ol muny ähli milletleriň Hudaýa iman getirip, Oňa tabyn bolmagy, Isa Mesihiň adynyň şöhratlanmagy üçin etdi.


Hawa, bu Hoş Habar aýan boldy. Ol ähli milletleriň baky Hudaýyň emrine görä Oňa tabyn bolmagy üçin pygamberleriň ýazgylary arkaly aýan edildi.


Olar men barada: «Birwagt bizi yzarlap, ýok etmekçi bolan imanyny indi özi wagyz edýär» diýen habary eşidipdiler.


Şoňa görä-de, heniz wagtymyz barka, hemmelere, aýratyn-da imandaky doganlarymyza ýagşylyk edeliň.


Hudaýyň Hoş Habary bütin dünýä ýaýrap, miwe berip gelýär. Hudaýyň merhemetiniň hakyky manysyna göz ýetiren günüňizden bäri, bu Hoş Habar siziň araňyzda hem şeýle hereket edýär.


Men Hoş Habaryň ugrunda görgi baryny görüp, jenaýatçy kimin tussag edildim. Emma Hudaýyň Hoş Habaryny tussag edip bolýan däldir!


Mülk edip beren ýurduna ibermek üçin Hudaý Ybraýymy çagyranda, ol iman arkaly Oňa tabyn boldy, nirä barýandygyny bilmezden ýola düşdi.


Şeýlelikde, Hudaý arkaly Isa Mesih kämil bolup, Ol Özüne tabyn bolýanlaryň hemmesini ebedilik halas etmegi başarýar.


Emma siz, söýgüli doganlar, mukaddes imanyňyza bil baglap, biri-biriňize öwüt-ündew ediň. Mukaddes Ruhdan ylhamlanyp, doga-dileg ediň.


Eý, söýgüli doganlar! Men size Hudaýyň meni we sizi nähili halas edendigi barada ýazmagy juda makul bilýärdim. Emma muňa derek Hudaýyň Öz halkyna bir gezekde müdimilik tabşyran imany ugrunda sizi göreşmäge ruhlandyryp ýazmagymyň has-da wajypdygyna göz ýetirdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan