Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:6 - Mukaddes Kitap

6 Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

6 Онсоң бу адамлары ресулларың хузурына гетирдилер. Ресуллар хем эллерини оларың башына гоюп, олар үчин Худая дога-дилег этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:6
14 Iomraidhean Croise  

Onda Reb Musa şeýle diýdi: «Meniň Ruhumdan dolan Nunuň ogly Ýeşuwany saýla-da, elleriňi onuň üstünde goý.


Lewileri Rebbiň huzuryna getiren mahalyň ysraýyllar ellerini lewileriň kellesine goýsunlar.


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Onsoň Hudaýa doga-dileg edip: «Ýa Reb! Sen hemmäniň ýüregini bilýärsiň. Ine, şu ikisinden haýsy birini resullyga saýlan bolsaň, bize görkez,


Şeýlelikde, olar agyz bekläp, doga-dileg etdiler we ellerini olaryň üstüne goýup, Barnap bilen Şawuly ýola saldylar.


Pawlus olaryň üstlerine elini goýan badyna, olara Mukaddes Ruh indi. Olar nämälim dillerde gepläp, pygamberlik etmäge başladylar.


Soňra Petrus bilen Ýohanna ellerini olaryň üstüne goýdular we olar hem Mukaddes Ruhy kabul etdiler.


Şawula bir görnüş aýan boldy. Görnüşde ol ýanyna Hanany diýen bir adamyň gelip, gözleriniň açylmagy üçin, üstüne ellerini goýandygyny gördi».


Şeýlelikde, Hanany baryp, şol öýe girdi, ellerini Şawulyň üstünde goýup: «Şawul dogan! Gözleriň ýene açylyp, Mukaddes Ruhdan dolmagyň üçin, meni bu ýere gelýärkäň, saňa görnen Rebbimiz Isa iberdi» diýdi.


Nunuň ogly Ýeşuwa paýhaslylyk ruhundan dolupdy, çünki Musa onuň üstüne ellerini goýupdy. Rebbiň Musa buýruşy ýaly, ysraýyllar oňa gulak asdylar.


Pygamberlik sözi arkaly we ýygnak ýolbaşçylarynyň seniň üstüňe el goýmagy bilen özüňe berlen peşgeşi äsgermezlik etme.


Kimdir biriniň günäsine şärik bolmaz ýaly, onuň başyna el goýup, ony hyzmata bellemäge howlukma. Özüňi päk sakla.


Şonuň üçin, ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn: başyňa ellerimi goýmagym arkaly Hudaýdan alan ruhy peşgeşiňi parlat,


suwa çümdürilip päklenmek, el goýup dileg etmek barada, şeýle-de ölüleriň direlişi we ebedi höküm barada gaýta-gaýta esasy taglym almagymyzyň geregi ýok.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan