Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:5 - Mukaddes Kitap

5 Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Бу пикир хеммәниң гөвнүнден турды. Илки билен олар иманы гүйчли ве Мукаддес Рухдан долы болан Стефаны сайладылар. Шейле-де Филипи, Прохоры, Никаноры, Тимоны, Пармени ве антиёхлы Николасы сайладылар. Николас өң яхуды динини кабул эденди, инди Иса ынанды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:5
24 Iomraidhean Croise  

Faraona we onuň ähli emeldarlaryna bu teklip ýarady.


Mylaýym jogap gahary sowýar, gaty söz gazaby joşdurýar.


Ynsana şatlyk gowy jogapdan gelýändir, ýerlikli söz adama şatlyk getirýändir.


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz ýekeje adamy öz diniňize saljak bolup, deňizlere, düzlere aýlanýarsyňyz. Diniňize salanyňyzdan soň bolsa, ony özüňizden hem iki esse köp dowzahyň jezasyna sezewar edýärsiňiz.


Stefan öldürilenden soň başlanan yzarlanmalar zerarly imanlylar Finikiýa, Kipre we Antiýoha çenli dargadylar. Olar Hoş Habary ýahudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnaga baryp ýetdi. Olar Barnaby Antiýoha ýolladylar.


Onuň Mukaddes Ruhdan we imandan doly bir ýagşyzada adamdygy üçin, juda köp adam Rebbe iman etdi.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Şol günlerde Iýerusalimden Antiýoha birnäçe pygamberler geldiler.


Antiýohdaky imanlylar ýygnagynda pygamberler we mugallymlar bardy. Olar Barnap, Garaýagyz lakamly Şimgon, kirineýli Lukiý, hökümdar Hirod bilen bile ösen Manahen we Şawul dagydy.


Soňra resullar we ýygnagyň ýolbaşçylary tutuş imanlylar ýygnagy bilen birlikde birnäçe adamy saýlap, olary Pawlus hem-de Barnap bilen Antiýoha ibermek kararyna geldiler. Olar iki adamy: Barsaba lakamly Ýudasy we Silasy saýladylar, olaryň ikisi-de doganlaryň arasynda ýolbaşçydylar.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Ertesi gün biz ýola düşüp, birnäçe günden Kaýsariýa geldik we hoş habarçy Filipiň öýünde galdyk, ol saýlanan ýedi ýolbaşçynyň biridi.


Seniň şaýadyň Stefan öldürilende, men hem şol ýerdedim. Bu işi oňladym we ony öldürenleriň eşiklerini sakladym“ diýdim.


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.


Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi.


Onsoň baş ruhany Stefandan: «Bu aýyplamalar dogrumy?» diýip sorady.


Şeýle-de, araňyzda nikolaçylaryň taglymatyna eýerýänler hem bar.


Ýöne şu edýänleriňi welin oňlaýaryn: sen nikolaçylaryň edýän işlerini ýigrenýärsiň. Men hem olary ýigrenýärin.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan