Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:4 - Mukaddes Kitap

4 Biz bolsa özümizi Hudaýa doga-dileg etmäge we Onuň Hoş Habaryny wagyz etmäge bagyş edeliň».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Биз болса өзүмизи Худая дога-дилег этмәге ве Онуң Хош Хабарыны вагыз этмәге багыш эделиң».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:4
18 Iomraidhean Croise  

Hyzmat etmeli wagty tamamlanansoň, Zekarýa öýüne gaýtdy.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Men Hudaýyň Ogly baradaky Hoş Habary ýaýradyp, Hudaýa jan-tenden hyzmat edýärin, siziň üçin gije-gündiz dileg edýärin. Muňa Hudaýyň hut Özi şaýatdyr.


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Siziň ähliňiz üçin şatlanyp, elmydama Hudaýa doga-dilegler edýärin.


Men siziň üçin we Laodikiýadaky imanlylaryň, şeýle-de meni tanamaýanlaryň ählisi üçin nähili gaýduwsyz zähmet çekýändigimi bilmegiňizi isleýärin.


Öz şäheriňizden bolan, Isa Mesihiň guly Epafra hem size salam ýollaýar. Hudaýyň her bir islegini doly bilmegiňiz we imanda berk durup, kämil bolmagyňyz üçin, Epafra yhlas bilen hemişe Rebbe dileg edýär.


Arhipa: «Rebbiň tabşyran hyzmatyny ahyryna çenli doly bitirjekdigiňe ynamly bol» diýip aýdyň.


pursadyň amatly bolup-bolmazlygyna garama-da, Hoş Habary dyngysyz wagyz et. Günä edýänleri paş edip, olary ýazgar, sabyrlylyk bilen öwüt-ündew berip, taglymaty öwret.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan