Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Eý, doganlar, öz araňyzdan ýedi adamy saýlaň. Olar Mukaddes Ruhdan we akyl-paýhasdan doly, atly-abraýly adamlar bolsunlar. Bu hyzmaty şolara tabşyralyň.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эй, доганлар, өз араңыздан еди адамы сайлаң. Олар Мукаддес Рухдан ве акыл-пайхасдан долы, атлы-абрайлы адамлар болсунлар. Бу хызматы шолара табшыралың.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:3
34 Iomraidhean Croise  

Mundan başga-da, ähli adamlaryň içinden başarjaňlaryny, ýagny Hudaýdan gorkýan, dogruçyl we parany ýigrenýän adamlary saýla. Olary müň adamyň, ýüz adamyň, elli adamyň we on adamyň üstünden baştutan goý.


Hudaýy olara görkezme berer, öwreder.


Höküm kürsüsinde oturýana adalatlyk ruhy, derwezede duşmana zarba urýana medet bolar.


Siz özüňize „mugallym“ diýdirmäň, sebäbi siziň bir Mugallymyňyz bardyr. Siziň hemmäňiz dogansyňyz.


Şu sebäpden imanly doganlaryň arasynda bu şägirt ölmez diýen gürrüň ýaýrady. Emma Isa onuň ölmejekdigi barada aýtmandy, Ol Petrusa diňe: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme?» diýipdi.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Şonuň üçin hem, Ýudanyň ornuna başga birini saýlamagymyz gerek. Bu adam Rebbimiz Isanyň Ýahýa tarapyndan suwa çümdürilip, tä göge göterilen wagtyna çenli hemişe biziň aramyzda bile bolan adamlaryň biri bolmaly. Ol hem biziň ýaly Isanyň direlendigine şaýatlyk etsin».


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Listradaky we Ikoniýadaky doganlar ol barada gowy sözler aýdýardylar.


Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar.


Ol ýerde Hanany atly bir adam ýaşaýardy. Ol hudaýhon hem Mukaddes Kanuna berlendi, Damaskdaky ähli ýahudylaryň arasynda uly hormata eýedi.


Ol ýerde birnäçe doganlary tapdyk. Olar bizden ýanlarynda galmagymyzy haýyş etdiler we biz ol ýerde iki hepde galdyk. Şondan soň biz Rime geldik.


Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna ýygnap, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmegi taşlap, biziň saçak başynda hyzmat etmegimiz dogry däl.


Bu pikir hemmäniň göwnünden turdy. Ilki bilen olar imany güýçli we Mukaddes Ruhdan doly bolan Stefany saýladylar. Şeýle-de Filipi, Prohory, Nikanory, Timony, Parmeni we antiýohly Nikolasy saýladylar. Nikolas öň ýahudy dinini kabul edendi, indi Isa ynandy.


Onsoň bu adamlary resullaryň huzuryna getirdiler. Resullar hem ellerini olaryň başyna goýup, olar üçin Hudaýa doga-dileg etdiler.


Doganlar muny bilenlerinde, ony Kaýsariýa getirip, Tarsusa tarap ýola saldylar.


Mukaddes Ruh kimdir birine danalyk bilen, ýene birine bilim bilen öwretmek peşgeşini berýär.


Baranymda bolsa, siziň kömegiňizi Iýerusalime aşyrjak adamlary özüňiz saýlarsyňyz. Men olary iberenimde, tanatma hatlaryny hem ýanlaryna goşaryn.


Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň.


Her tiräňizden akylly-paýhasly, düşbi we tejribeli adamlary saýlaň“.


Şeýle dul aýal il arasynda öz ýagşy işleri bilen tanalmaly: çagalaryny kemala getiren, myhmansöýer, imandaky doganlaryna hyzmat eden we muşakgat içindäkilere ýardam beren, umuman, elmydama ýagşylyk etmäge ymtylýan bolmalydyr.


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Demetreý bolsa hemmeler tarapyndan sylanýan adamdyr, hakykatyň özi muňa şaýatdyr. Biz hem ol hakda ýagşy pikirdediris, gepimiziň hakykatdygyny özüň bilýänsiň.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan