Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:11 - Mukaddes Kitap

11 Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

11 Шонда синагога агзалары бирнәче адамы огрынча ырып, олара: «Бу адамың Муса ве Худая гаршы күпүр гепләндигини эшитдик дийип айдың» дийдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:11
28 Iomraidhean Croise  

«Ýalan gep ýaýratma. Ýalana şaýatlyk edip, ýaramaz adama gol berme.


Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler.


Ol Benýamin derwezesine ýetende, Hananýanyň agtygy, Şelemýanyň ogly Ýiriýaý atly baş gözegçi Ýermeýa pygambere: «Sen babyllylaryň tarapyna geçjek bolýarsyň» diýip, ony tussag etdi.


Kimde-kim Rebbiň adyna dil ýetirse, ol ölüme höküm edilsin, ony bütin halk daşlasyn. Gelmişekmi ýa-da ýerli halk – parhy ýok, Rebbiň adyna dil ýetiren öldürilmelidir.


Çünki Mukaddes Kanun Musa arkaly berildi, merhemet we hakykat bolsa Isa Mesih arkaly peýda boldy.


Olar bu işleri Atam bilen Meni tanamaýandyklary üçin ederler.


Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler.


Çünki Musanyň kanuny gadym döwürden bäri her bir şäherde wagyz edilýär, her Sabat güni sinagogalarda okalýar».


Emma olar Pawlusa garşy çykyp, oňa sögmäge başladylar. Şonda Pawlus olardan närazy bolup, egin-eşiginiň çaňyny kakyp: «Ganyňyz öz boýnuňyza bolsun, mende aýyp ýok. Mundan beýläk men keseki milletleriň ýanyna gitjek» diýdi.


Olar: «Eý, ysraýyl halky! Kömek ediň! Bu adam ähli ýerde biziň halkymyza, Musanyň bize beren kanunyna, ybadathanamyza garşy hemmelere ters sapak berýär. Munuň üstesine-de, grekleri ybadathana getirip, bu mukaddes ýeri harama çykardy» diýip gygyrdylar.


Festusdan özlerine bir ýagşylyk etmegini sorap, Pawlusy Iýerusalime getirmegi üçin ýalbardylar. Aslynda olar buky gurup, ýolda Pawlusy öldürmegiň niýetindediler.


Pawlus içeri girende, Iýerusalimden gelen ýahudylar onuň daşyna üýşüp, ony aýyplap başladylar, emma öz aýyplamalaryny subut edip bilmediler.


Men bir sinagogadan beýlekisine aýlanyp, olary gaýta-gaýta jezalandyrdym, imandan dänmäge mejbur etdim. Olara garşy gahar-gazaba münüp, hatda keseki şäherlere çenli olary yzarladym.


Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.


Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.


Olar galp şaýatlary getirdiler. Galp şaýatlar: «Bu adam yzyny üzmän bu mukaddes ybadathana we Mukaddes Kanuna garşy gepleýär.


Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.


Men ozallar Isa Mesihe dil ýetirip, azar berip, zalymlyk baryny edipdim. Ýöne men bularyň baryny bilmezlikden we imansyzlykdan edenim üçin, maňa rehim edildi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan