Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:10 - Mukaddes Kitap

10 Mukaddes Ruh Stefana köp akyl-paýhas berdi, şonuň üçin olar Stefanyň aýdanlaryna garşy durup bilmediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Мукаддес Рух Стефана көп акыл-пайхас берди, шонуң үчин олар Стефаның айданларына гаршы дуруп билмедилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:10
18 Iomraidhean Croise  

Çünki men sözden doly, içimdäki ruh meni gyssaýar.


Ýöne ynsana içindäki ruh, Gudratygüýçliniň demi akyl berýär.


Häzir bolsa ýola düş, Men saňa sözlemäge kömek ederin we saňa näme aýtmalydygyňy öwrederin» diýdi.


Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz, hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň. Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur, Men olary aklaryn». Muny Reb aýdýandyr.


Men seni bu halk üçin bürünçden berk diwar ederin. Olar seniň garşyňa söweşerler, emma ýeňip bilmezler. Halas etmek, ölümden gutarmak üçin Men seniň bilendirin. Muny Reb aýdýandyr.


Emma Men seniň bilen gepleşip, diliňi açaryn we sen olara: „Hökmürowan Reb şeýle diýýär!“ diýersiň. Goý, diňlän diňlesin, diňlemedik ýüz öwürsin, çünki olar bir pitneçi halkdyr».


Men bolsa Ýakuba ýazygyny, Ysraýyla günäsini jar etmäge, Rebbiň Ruhy bilen güýçden, adalatdan, gudratdan doludyryn.


Ol atalary ogullary bilen ýaraşdyrmak, boýun egmezekleri dogrularyň düşünjesine gönükdirmek üçin, Ylýasyň ruhundan we gudratyndan dolar, Reb Isa Mesihiň öňünden ýörär. Ol Rebbiň göwnünden turjak halky taýýarlar».


Munuň üçin Men size söz hem akyldarlyk bererin. Size garşy çykýanlaryň hiç biri muňa ne garşy durup biler, ne-de bir zat aýdyp biler.


Ybadathana garawullary: «Hiç kim hiç wagt bu Adamyň gepleýşi ýaly geplemändi» diýip jogap berdiler.


Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».


Şonda sinagoga agzalary birnäçe adamy ogrynça yryp, olara: «Bu adamyň Musa we Hudaýa garşy küpür gepländigini eşitdik diýip aýdyň» diýdiler.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Eý, boýnuýogynlar, diňlemek islemeýän tekepbirler! Siz hem edil ata-babalaryňyz ýaly, Mukaddes Ruha hemişe garşy çykýarsyňyz.


Men wagyz edenimde sizi ynandyrmak üçin paýhasly sözleri ulanmadym. Sizi ynandyran zat Hudaýyň Ruhunyň aýan bolan güýjüdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan