Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 6:1 - Mukaddes Kitap

1 Şol günlerde şägirtleriň sany barha artýardy. Emma grekçe gepleýän imanlylar arameýçe gepleýän imanlylaryň gündelik iýmit paýlaşygynda dul aýallary gözden salýandyklary üçin olaryň üstünden şikaýat etdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Шол гүнлерде шәгиртлериң саны барха артярды. Эмма грекче геплейән иманлылар арамейче геплейән иманлыларың гүнделик иймит пайлашыгында дул аяллары гөзден саляндыклары үчин оларың үстүнден шикаят этдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 6:1
38 Iomraidhean Croise  

Ölümiň bäri ýanyndakylaryň alkyşyny alardym, dul hatynlaryň kalbyna nagmalar bererdim.


Garyplary isläninden mahrum eden bolsam, dul hatyny umytdan düşüren bolsam,


Onuň işi dabaradan, şöhratdan doly, Onuň dogrulygy dowam edýär ebedi.


Muňa akyl ýetirjek bolup pikire batdym, emma tä Hudaýyň mukaddes öýüne girýänçäm, bu maňa juda kyn bolup göründi. Şondan soň erbetleriň soňuna düşünip galdym.


Ýagşylyk etmegi öwreniň, adalaty agtaryň, ezýet çekýäni halas ediň, ýetimi goraň, dul hatyna arka duruň».


Geljekde Ýakup kök urar, Ysraýyl gunçalap güllär, ýer ýüzüni miweden doldurar.


Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler. Men olary köpelderin, olar azalmaz, olara hormat goýduraryn, olar peselmez.


Olar ata-enäni kemsitdiler, seniň içiňde gelmişege sütem etdiler, dul hatyna we ýetime zulum etdiler.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz Gögüň Şalygyna girmäge adamlaryň öňüni baglaýarsyňyz, oňa ne özüňiz girýärsiňiz, ne-de girjeklere ýol berýärsiňiz.


Olaryň arasynda Kiprden we Kirineýden Antiýoha gelen käbir imanlylar bardy. Olar Reb Isa baradaky Hoş Habary ol ýerdäki başga milletlere-de wagyz etdiler.


Ony tapyp, Antiýoha getirdi. Şeýdip, Barnap bilen Şawul bir ýyllap ol ýerdäki ýygnaklary bir ýere toplap, köp adamlara taglymat öwretdiler. Şägirtlere ilkinji gezek Antiýoh şäherinde «mesihiler» diýlip at berildi.


Şonda şägirtleriň ählisi güýçleriniň ýetdiginden ýahudyýaly doganlara goldaw üçin pul ýollamagy karar etdiler.


Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi.


Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler.


Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.


resullaryň öňünde goýýardylar. Şeýlelikde, her kime geregiçe paýlanýardy.


Emma bu gürrüňleri diňlänleriň ençemesi Isa iman etdi. Şonda iman eden erkekleriň sany bäş müňe ýetdi.


Muňa garamazdan, Reb Isa iman edenlere goşulan erkekdir aýallaryň sany barha artýardy.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Şeýlelikde, on iki resul ähli şägirtleri ýanlaryna ýygnap, olara şeýle diýdiler: «Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz etmegi taşlap, biziň saçak başynda hyzmat etmegimiz dogry däl.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Ol grekçe gepleýän ýahudylar bilen söhbet edip, olar bilen jedelleşýärdi. Onsoň olar Şawuly öldürmegiň kastyna çykdylar.


Petrus turup, olar bilen gitdi. Ol öýe gelende, ony ýokary gatdaky otaga çykardylar. Ähli dul aýallar Petrusyň ýanyna ýygnanyp, Tawita dirikä özlerine tiken ähli donlarydyr köýneklerini görkezip aglaşdylar.


Petrus elini uzadyp, oňa turmaga kömek etdi. Onsoň imanly dul aýallary we beýleki imanlylary çagyryp, ýaňky aýaly olara diri tabşyrdy.


Eger hyzmat bolsa, goý, hyzmat etsin; öwrediji bolsa, goý, öwretsin.


Olaryň käbirleri ýaly hüňürdemäliň: olar Ölüm perişdesiniň elinden öldi.


Olar ýewreými? Men-de ýewreýdirin! Olar ysraýyllymy? Men-de ysraýyllydyryn! Olar Ybraýymyň neslimi? Men-de Ybraýymyň neslidirin!


Üçünji ýylda (hasylyň ondan biri berilýän ýyly) ähli hasylyňyzyň ondan birini lewilere, gelmişeklere, ýetimlere we dullara bereniňizde, olar galalaryňyzda ondan iýip doýsunlar.


Men dünýä inenimden sekizlenji günde sünnet edilendirin. Men ysraýyl halkynyň benýamin tiresinden bolup, ýewreýleriň ýewreýidirin. Ýahudylaryň Kanunyny berjaý etmek babatda hem fariseýdirin.


Ýalňyz galan dul aýallary syla.


Dul aýal altmyş ýaşdan geçen bolsa, ömründe diňe bir gezek durmuşa çykan bolsa, ýygnak onuň adyny dullar sanawyna ýazsyn.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüp ýaşaň!


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur!


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan