Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Hanany bu sözleri eşiden badyna, ýere ýykylyp jan berdi. Bu wakany eşidenleriň baryny elhenç gorky gurşap aldy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Хананы бу сөзлери эшиден бадына, ере йыкылып җан берди. Бу ваканы эшиденлериң барыны элхенч горкы гуршап алды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:5
26 Iomraidhean Croise  

Elýaşa yzyna öwrülip, oglanlara seredip, olara Rebbiň adyndan gargady. Biraz wagtdan soň, jeňňellikden iki sany aýy çykyp, kyrk iki oglany parçalady.


Dawut şol gün Rebden gorkup: «Men Hudaýyň sandygyny nädip ýanyma getirip bilerin?» diýdi.


Öňki gezek sandygy siziň götermändigiňiz we ony bolmalysy ýaly idemändigimiz sebäpli, Hudaýymyz Rebbiň bize gahary geldi».


Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.


Munuň üçin Hökmürowan Beýik Hudaý şeýle diýýär: «Şeýle sözleri aýdandyklary üçin, sözlerimi agzyňda alawa öwrerin. Bu halky bolsa odun ederin, ot olary ýandyryp ýok eder».


Onsoň şeýle boldy: men pygamberlik edip ýörkäm, Benaýanyň ogly Pelatýa öldi. Men ýüzin ýykyldym, gaty ses bilen: «Wah, Hökmürowan Rebbim! Sen Ysraýylyň aman galan adamlarynyň hem soňuna çykaýjakmy?» diýip perýat etdim.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Indi, seret, Rebbiň eli saňa garşydyr, sen kör bolarsyň, belli bir wagta çenli gün şöhlesini görmersiň» diýdi. Şol pursadyň özünde onuň gözüni duman örtüp, garaňkylyk gaplady. Ol özüni itdirjek bolup, töweregini sermeläp, adam gözläp başlady.


Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy.


Halk olara uly hormat goýsa-da, hiç kim olara goşulmaga milt edip bilmedi.


Men size näme bilen baraýyn? Gamçy bilenmi ýa-da söýgi we ýumşaklyk bilenmi? Siz bularyň haýsyny saýlaýarsyňyz?


Men bulary araňyza barmankam ýazýaryn. Men araňyza baranymdan soň, Rebbiň maňa beren ygtyýaryny ulanyp size ýowuz bolmaýyn diýip ýazýaryn. Çünki Reb maňa bu ygtyýary weýran etmek üçin däl-de, berkitmek üçin berendir.


Men ýanyňyza ikinji gezek baranymda günä edýänlere we beýlekilere eýýäm duýduryş beripdim. Indi ýanyňyzda bolmasam-da, duýduryşymy gaýtalaýaryn: baranymda olary-da, beýlekileri-de gaýgyrmaryn.


Hudaýdan bolan gynanjyň sizde edenlerini bir görüň! Ol sebäpli sizde nähili gaýrat, özüňizi päklemäge nähili yhlas döredi! Ol sizde, gör, nähili uly gahar, gorky, meni görmäge küýseg, yhlas we adalata bolan islegi oýardy. Siz bu meselede hemmetaraplaýyn müýnsüzdigiňizi subut etdiňiz.


Soňra ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar we gaýdyp munuň ýaly pislik etmezler.


Soňra galanyň ähli erkekleri ony daşlap öldürsinler. Şeýdip, siz öz araňyzdan pisligi aýryp taşlaň. Ähli ysraýyllar muny eşidip gorkarlar.


Ýadyňyzdamy, Zeranyň çowlugy Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan ogurlap, dönüklik edipdi. Munuň üçin bolsa jeza tutuş ysraýyl jemagatynyň üstünden indi. Bu günä üçin onuň diňe ýeke özi ölmändi“».


Şol sagat bir güýçli ýertitreme bolup, şäheriň ondan biri ýumruldy. Ýertitremede ýedi müň adam heläk boldy. Aman galanlar gorkup, Gögüň Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Kimdir biri olara zyýan ýetirjek bolsa, olaryň agzyndan çykan ot duşmanlaryny köýdürer. Olara zyýan ýetirmekçi bolan şeýle öldürilmelidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan