Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:41 - Mukaddes Kitap

41 Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Ресуллар Исаның ады угрунда масгара болмага мынасып гөрлендиклери үчин ёкары меҗлисден шадыян чыкып гитдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:41
18 Iomraidhean Croise  

Eý, dogrulygy bilýänler, kanunymy ýüreginde saklaýanlar, Meni diňläň! Ynsanlaryň ýazgarmalaryndan gorkmaň, olaryň sögünçlerinden heder etmäň.


Rebde şatlanaryn Men, janym Hudaýymda joşar, çünki Ol meni gutulyş lybasyna besledi, giýewiň täç geýşi dek, gelniň şaý-sep bilen bezenişi deý, Meni dogrulyk dony bilen örtdi.


Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz, hasratly ruh bilen perýat edersiňiz.


Eý, Rebbiň sözüne titreýänler, Onuň sözüne gulak goýuň: «Sizi ýigrenýän, Meniň adym üçin sizi ret edýän doganlaryňyz: „Reb şöhratlandyrylsyn, bizem siziň şatlygyňyzy göreli!“ diýdiler. Emma olaryň özleri utandyrylar».


Ynsan Ogly sebäpli adamlar sizi ýigrenip, aralaryndan kowan wagty, size sögüp, adyňyzy garalan wagty bagtlysyňyz!


Olar size bu zatlaryň ählisini Meniň adym üçin ederler, sebäbi olar Meni Ibereni tanamaýarlar.


Pawlus: «Näme üçin aglaşyp, meniň ýüregimi agyrdýarsyňyz? Men Iýerusalimde diňe el-aýagymyň baglanmagyna däl, eýsem, Rebbimiz Isanyň ady üçin ölmäge-de taýýar» diýip jogap berdi.


Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar.


Diňe muňa däl, eýsem muşakgatlarymyza hem begenýäris, sebäbi muşakgatlaryň çydamy,


Şu sebäpden men Mesihiň hatyrasyna ejizliklere, sögünçlere, mätäçliklere, yzarlanmalara, muşakgatlara razydyryn. Çünki men ejizkäm güýçlüdirin!


Çünki size diňe Isa Mesihe iman etmek däl, eýsem Onuň hatyrasyna jebir-jepa çekmek hem berlendir.


Tussagdakylaryň-da dertlerini deň çekişdiňiz, özüňizde has oňat hem baky baýlygyň bardygyny bilip, emlägiňiziň alynmagyny şatlyk bilen kabul etdiňiz.


Geliň, gözümizi imanymyzyň gözbaşy we kämilleşdirijisi Isa dikeliň. Ol geljekdäki şatlyga gowuşmak üçin, masgaraçylygy hiç saýyp, haçdaky ölüme döz geldi we Hudaýyň tagtynyň sagynda oturdy.


Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň.


Olar Mesihiň adynyň hatyrasyna ýola çykdylar we diňe imandaky doganlarynyň ýardamyna bil baglamagy karar etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan