Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol satylanda-satylmanda hem öz emlägiňdi ahyry. Ony satanyňdan soňam puluny öz isleýşiň ýaly ulanyp bilerdiň. Nädip beýle zady edip bildiň? Sen ynsanlara däl-de, Hudaýa ýalan sözlediň».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Ол сатыланда-сатылманда хем өз эмләгиңди ахыры. Оны сатаныңдан соңам пулуны өз ислейшиң ялы уланып билердиң. Нәдип бейле зады эдип билдиң? Сен ынсанлара дәл-де, Худая ялан сөзледиң».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:4
26 Iomraidhean Croise  

Seniň kalby synaýandygyňy we kalby päkligi halaýandygyňy men bilýärin, eý, Hudaýym! Şu zatlaryň hemmesini men öz päk kalbym bilen meýletin berdim. Häzir men Seniň şu ýere ýygnanan halkyňyň meýletinlik hem şatlyk bilen sadaka berýändigini görýärin.


Üstesine-de, Hudaýymyň öýüne bolan söýgim sebäpli, mukaddes ybadathana üçin şu taýýarlan zatlarymdan daşary meniň öz hususy altyn hem kümüş hazynam bar. Men şony-da Hudaýymyň öýüne berdim.


Hünärmentleriň etjek her işi üçin, altyn zatlar üçin altyn, kümüş zatlar üçin kümüş berýärin. Kim bu gün meýletinlik bilen zat hödür edip, özüni Rebbe bagyş etjek?»


Adamlar gaty şatlandylar, çünki olar Rebbe beren zatlaryny meýletinlik bilen, çyn ýürekden beripdiler. Dawut patyşa hem gaty şatlandy.


Olar hasratdan hamyla bolup, pislik dogurýarlar, içleri hem hileden doludyr».


Olar ýylan ýaly dillerini ýiteldýär, agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.


Ol öwrüp peýkamlaryny lowlaýan oda, oňa ölüm ýaraglaryny taýynlap goýýar.


Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.


Ähli ysraýyl erkekleri we aýallary Rebbiň Musa buýran işi üçin göwnünden çykaran zatlaryny getirdiler. Olar muny Rebbe meýletin sadaka hökmünde getirdiler.


Diliň saňa günä etdirmesin; Hudaýyň ilçisiniň öňünde: «Wadam säwlik» diýme. Näme üçin Hudaý seniň sözüňe gaharlanyp, elleriňiň işini ýok etsin?


Dogrulyga çagyrýan ýok, adalatly çözýän ýok dawany. Boş sözlere umyt baglaýar olar, ýalan sözleýärler, betbagtlykdan hamyla bolup, ýamanlyk dogurýarlar.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol gün seniň aňyňa köp pikirler geler, dildüwşük gurarsyň.


Sen ähli ýoldaşlaryň bilen bile Haruna garşy bolduň, hakykatda bolsa bu siziň Rebbe garşy boldugyňyzdyr».


Sizi diňlän Meni diňlär, sizi ret eden Meni ret eder. Meni ret eden bolsa Meni Ibereni ret eder».


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Petrus oňa: «Näme üçin siz Rebbiň Ruhuny synaga salmak üçin dilleşdiňiz? Anha, seret, seniň adamyňy jaýlanlar gapa golaýlap gelýärler, olar seni hem äkiderler» diýdi.


Ýöne iýmit bizi Hudaýa ýakynlaşdyrmaýar. Iýmänimiz bilen zyýan çekemzok, iýenimiz bilen-de peýda göremzok.


Şoňa görä-de, bu tabşyryklary ret edýän adam ynsany däl, eýsem Öz Mukaddes Ruhuny berýän Hudaýy ret edýändir.


Ýöne etjek ýagşylygyň mejbury däl-de, meýletin bolar ýaly, senden birugsat hiç zat edesim gelmedi.


Onsoň höwes göwreli bolup, günäni dogurýar, günä hem ýetişip, ölümi dogurýandyr.


Reb Şamuwele şeýle seslendi: «Halkyň sözüni soňuna çenli diňle. Çünki olar seni däl-de, Meniň özleriniň patyşasy bolmagymy inkär etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan