Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:21 - Mukaddes Kitap

21 Resullar muny eşidenlerinde, gün dogan badyna ybadathana gelip, halka öwretmäge başladylar. Bu aralykda baş ruhany bilen onuň ýanyndakylar gelip, ýokary mejlisi we ysraýyl halkynyň ähli ýaşulularyny bir ýere çagyrdylar. Onsoň zyndandan resullary getirmäge adam ýolladylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Ресуллар муны эшиденлеринде, гүн доган бадына ыбадатхана гелип, халка өвретмәге башладылар. Бу аралыкда баш руханы билен онуң янындакылар гелип, ёкары меҗлиси ве ысрайыл халкының әхли яшулуларыны бир ере чагырдылар. Онсоң зындандан ресуллары гетирмәге адам ёлладылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:21
16 Iomraidhean Croise  

Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Daň atanda, ýolbaşçy ruhanylar we Töwrat mugallymlary halkyň beýleki ýaşululary bilen ýygnanyşyp, Ony özleriniň mejlisine getirdiler.


Pilat Isa: «Eýsem men ýahudymy näme? Seni maňa Öz halkyň bilen ýolbaşçy ruhanylar tutup getirdiler. Sen näme iş etdiň?» diýdi.


Ertesi irden Ol ýene ybadathana bardy, ähli halk Onuň ýanyna geldi; Isa olara öwretmäge başlady.


Sen görüp-eşidenleriňi ähli ynsanlara ýaýyp, Onuň üçin şaýatlyk edersiň.


Aýdýanlarymyň hakykatdygyny baş ruhany bilen tutuş mejlis tassyklap biler. Men hatda olardan Damaskdaky ýahudy doganlarymyzy tutmaga rugsat hatyny hem aldym. Olaryň elini-aýagyny baglap, Iýerusalime getirip, jezalandyrmak maksady bilen Damaska tarap ýola düşdüm.


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Olary getirip, ýokary mejlisiň öňünde duruzdylar. Baş ruhany olary sorag edip:


Emma hemmeler tarapyndan sylanýan fariseý we Töwrady öwrediji Gamaliýel atly bir agza ýerinden turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Ol baş mejlisde hemmeler tarapyndan sylanýan Töwrady öwredijidi.


Resullar Isanyň ady ugrunda masgara bolmaga mynasyp görlendikleri üçin ýokary mejlisden şadyýan çykyp gitdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan