Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:2 - Mukaddes Kitap

2 Ol aýaly bilen dilleşip, mülküň pulundan bir paý özüne alyp galdy. Hanany puluň galanyny getirip, resullara berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ол аялы билен диллешип, мүлкүң пулундан бир пай өзүне алып галды. Хананы пулуң галаныны гетирип, ресуллара берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:2
16 Iomraidhean Croise  

Sürüsindäki goçy sadaka aýdyp, soňra onuň ýerine Taňra maýyp-müjribi gurbanlyk berýän kezzaba nälet bolsun! Çünki Men beýik Patyşadyryn, Hökmürowan Reb diýýär. Milletler Meniň adymdan gorkýarlar».


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi.


Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar.


Ýusup hem öz ýerini satyp, puluny resullara getirip berdi.


Hanany diýen adam aýaly Sapfira bilen bir bölek mülküni satdy.


Petrus oňa şeýle diýdi: «Hanany, näme üçin sen şeýtana kalbyňdan orun berdiň? Sen Mukaddes Ruha ýalan sözläp, puluň bir bölegini özüňe alyp galdyň.


Petrus ondan: «Maňa aýt, adamyň ikiňiz ýeriňizi şu baha satdyňyzmy?» diýip sorady. Aýal hem: «Hawa, şu baha satdyk» diýip jogap berdi.


Öz şahsy islegiňizden ýa-da şöhratparazlykdan hereket etmäň. Tersine, başgalary özüňizden üstün saýyp, pespäl boluň.


sebäbi pul höwesi ähli bela-beteriň körügidir. Käbir adamlar onuň yşkyna düşüp, imandan azaşdylar, özlerini köp görgülere sezewar etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan