Emma bu hadysalaryň hemmesinden öň, sizi yzarlap, azar bererler. Sizi sinagogalara tabşyryp, türmelere dykarlar. Men sebäpli sizi patyşalaryň we hökümdarlaryň huzuryna elterler.
Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.
Görjek görgüleriňden gorkma! Ine, synamak üçin, iblis siziň käbirleriňizi tussag etdirer. Siz on günläp muşakgat çekersiňiz. Ölüm howpy üstüňe abananda-da, sadyk gal, Men saňa ýaşaýyş täjini bererin.