Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:16 - Mukaddes Kitap

16 Iýerusalimiň töweregindäki obalardan gelen mähelle-de hassalary we arwah-jynlardan ejir çekýänleri getirýärdi. Hassalaryň hemmesi şypa tapýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Иерусалимиң төверегиндәки обалардан гелен мәхелле-де хассалары ве арвах-җынлардан эҗир чекйәнлери гетирйәрди. Хассаларың хеммеси шыпа тапярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:16
16 Iomraidhean Croise  

Müneçjimleriň aldanyny bilip, Hirod gahar-gazaba mündi. Ol müneçjimlerden sorap anyklan wagtyna görä, Beýtullaham bilen onuň daş-töweregindäki obalarda doglan iki ýaşyndaky we iki ýaşa ýetmedik erkek göbekli çagalaryň ählisini öldürtdi.


Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy.


Bir gün Isa halka öwredip otyrka, Jeliläniň ähli obalaryndan, Ýahudyýadyr Iýerusalimden gelen fariseýler bilen Töwrat mugallymlary-da şol ýerdediler. Isa Rebbiň gudraty arkaly hassalara şypa berýärdi.


Olar Isany diňlemäge we kesellerine şypa tapmaga gelipdiler. Arwah-jynlardan ejir çekýänler-de şypa tapýardylar.


Emma mähelle muny bilip, Onuň yzyndan bardy. Ol hem olary oňat garşylap, Hudaýyň Şalygy hakda gürrüň berdi we şypa mätäç adamlary sagaltdy.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»


Petrus geçip gidende, hiç bolmanda, onuň kölegesi hassalaryň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, çarpaýalarda we düşeklerde ýatyrýardylar.


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.


Şypa tapar ýaly, günäleriňizi biri-biriňiziň ýanynda boýun alyp, biri-biriňiz üçin doga-dileg ediň. Dogruçyl adamyň yhlasly dilegi güýçli we täsirlidir.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan