Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 5:12 - Mukaddes Kitap

12 Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Ресуллар халк арасында энчеме аламатлар, мугҗызалар гөркезйәрдилер. Әхли иманлылар ыбадатханадакы Сүлейманың эйванында үйшердилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 5:12
22 Iomraidhean Croise  

Näme üçin sen: „Bu öý Şilo kimin bolar we bu şäher ilatsyz harabaçylyga öwrüler“ diýip, Rebbiň adyndan pygamberlik etdiň?» diýdiler. Rebbiň öýünde ähli halk Ýermeýanyň daşyny gabady.


Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.


Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwany diýen ýerde gezmeläp ýördi.


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Pawlus bilen Barnap bu ýerde uzak wagt galyp, Reb Isa hakynda batyrgaýlyk bilen wagyz etdiler. Isa hem olara alamatlar we mugjyzalar görkezmek başarnygyny berip, Öz merhemeti baradaky habary olar arkaly tassyklady.


Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy.


Hudaý Pawlusyň eli bilen görlüp-eşidilmedik gudratlary görkezdi.


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar.


Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýohannany goýbermän durka, tutuş halk haýran galyp, olara tarap, Süleýmanyň eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi.


Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»


Ol ýerde Petrus Eneý atly bir adama sataşdy. Eneý sekiz ýyl bäri düşekde ysmaz bolup ýatyrdy.


Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.


alamatlar, mugjyzalar we Mukaddes Ruhuň güýji arkaly amal etdi. Şeýlelikde, men Iýerusalimden Illiriýa welaýatyna çenli aýlanyp, Isa Mesih baradaky Hoş Habary doly ýaýratdym.


Hakyky resullygyň nyşanlaryny araňyzdakam alamatlarda, mugjyzalarda we gudratlarda uly çydamlylyk bilen görkezendirin.


Hudaýyň Özi hem alamatlar, mugjyzalar, her dürli gudratlar görkezmek bilen bu habary tassyklady we Öz islegine görä Mukaddes Ruhuň peşgeşlerini paýlady.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan