Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:7 - Mukaddes Kitap

7 Olar Petrus bilen Ýohannany ortada durzup: «Siz muny haýsy gudrat bilen, kimiň adyndan etdiňiz?» diýip soradylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

7 Олар Петрус билен Ёханнаны ортада дурзуп: «Сиз муны хайсы гудрат билен, кимиң адындан этдиңиз?» дийип сорадылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:7
12 Iomraidhean Croise  

Ol adam: «Kim seni biziň üstümizden hökümdar ýa kazy edip goýdy? Düýnki müsürlini öldürişiň ýaly, meni hem öldürmekçimiň?» diýdi. Mundan soň Musa gorkdy we ol: «Meniň eden işim eýýäm aýan bolupdyr» diýip pikir etdi.


Isa ybadathananyň howlusyna gelip, sapak berip otyrka, ýolbaşçy ruhanylar, halkyň ýaşululary Onuň ýanyna gelip: «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Saňa bu ygtyýary kim berdi?» diýip soradylar.


«Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu işleri etmäge Saňa kim ygtyýar berdi?» diýip soradylar.


Onsoň ýahudylaryň baştutanlary Ondan: «Seniň beýtmäge näme hakyň bar? Eger hakyň bar bolsa, gudrat görkezip, muny bize subut et» diýip talap etdiler.


Töwrat mugallymlary bilen fariseýler zynada tutulan bir aýaly alyp geldiler. Aýaly hemmäniň öňünde duruzdylar.


Muny eşidip, ýaşululardan başlap, hemmesi ýeke-ýekeden gitmäge başlady. Diňe Isa bilen Onuň öňünde duran aýal galdy.


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Baş ruhany Hanan, Kaýafa, Ýohanna, Isgender we baş ruhanynyň garyndaşlary şol ýerdediler.


Şonda Petrus Mukaddes Ruhdan dolup, olara şeýle diýdi: «Eý, halkyň ýolbaşçylary we ýaşululary!


Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan