Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:34 - Mukaddes Kitap

34 Aralarynda mätäç adam ýokdy. Sebäbi kimiň mellegi, öýi bar bolsa, olary satýardylar. Satylan zatlaryň puluny bolsa getirip,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

34 Араларында мәтәч адам ёкды. Себәби кимиң меллеги, өйи бар болса, олары сатярдылар. Сатылан затларың пулуны болса гетирип,

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:34
14 Iomraidhean Croise  

Isa oňa: «Müýnsüz bolaýyn diýseň, git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Soňra gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


Isa oňa söýgüden doly mähir bilen seredip: «Seniň ýekeje kemiň bar. Git-de, nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi.


Emlägiňizi satyň, garyplara sadaka beriň. Özüňize könelmeýän gapjyk, gökde tükenmeýän hazyna taýýarlaň. Ol ýere ogry golaýlaşýan däldir, güýe iýýän däldir.


Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.


Onsoň Isa olardan: «Men sizi gapjyksyz, torbasyz we çaryksyz ýollan çagym kem zadyňyz barmydy?» diýip sorady. Olar: «Ýokdy» diýip jogap berdiler.


Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler.


Ýusup hem öz ýerini satyp, puluny resullara getirip berdi.


Siziň bolelinligiňiz şu gün olaryň mätäçliginiň öwezini doldursa, ertirki gün olaryň bolelinligi siziň mätäçligiňiziň öwezini doldurar. Şeýlelikde, hemmelere deňlik bolar.


Hudaýyňyz Reb, hakykatdan-da, siziň her bir tutan işiňize bereket berdi. Siziň bu ummasyz çölüň içi bilen barýandygyňyzy Ol bilýärdi. Şol geçen kyrk ýylyň içinde, Hudaýyňyz Reb siziň bilen bile boldy. Siz hiç zada zar bolmadyňyz.


Şonda Mesihe iman etmeýänler size hormat goýarlar. Siz hiç kimden hiç zada zar bolmarsyňyz.


Şeýle hazyna olaryň gelejeginiň berk binýady bolup, hakyky ýaşaýşa ýetirer.


Atamyz Hudaýyň nazarynda päk hem nogsansyz dindarlyk ýetimleriň we dullaryň kyn gününde aladasyny etmekden ybaratdyr. Şeýle hem bu dünýäniň pisliginden özüňi päk saklamakdyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan