Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:32 - Mukaddes Kitap

32 Imanlylar bir jan, bir tendiler. Olaryň hiç biri öz emlägine-de meniňki diýmeýärdi, ähli zatlary ortalykdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

32 Иманлылар бир җан, бир тендилер. Оларың хич бири өз эмләгине-де мениңки диймейәрди, әхли затлары орталыкды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:32
21 Iomraidhean Croise  

Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.


Olar hemişe Menden gorkar ýaly, bir ýürek we bir ýol bererin. Bu olaryň özleri üçin hem, özlerinden soňky çagalary üçin hem ýagşylyk bolar.


Men bu dünýäde mundan artyk galmaryn, emma olar entek dünýädedirler. Men Seniň ýanyňa dolanyp barýaryn. Eý, Mukaddes Atam, Maňa beren adamlaryňy Öz gudratly güýjüň bilen gora. Maňa-da şol güýji Sen berdiň. Şonda olar hem Biziň ýaly bir bolsunlar.


Olaryň hemmesi bir ýere üýşüp, yzyny üzmän doga-dileg edýärdiler. Olaryň arasynda Isanyň ejesi Merýem, şeýle-de käbir aýallar we Isanyň inileri hem bardy.


Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar.


Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler.


Biz babatda hem şeýle: köp bolsak-da, Mesih arkaly bir bedendiris, onuň agzalary hökmünde biri-birimize baglydyrys.


Eý, doganlar, men size Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan ýalbarýaryn: biri-biriňiz bilen ylalaşykly boluň. Araňyzda agzalalyklara ýol bermäň, pikirleriňiz we garaýyşlaryňyz bir bolsun.


Şunlukda, eý, doganlar, şatlanyň! Dogry ýola düşmegi niýet ediniň, aýdýanlaryma gulak asyň, bir pikirde boluň, parahat ýaşaň. Şonda söýgi we parahatlyk Hudaýy siziň hemraňyz bolar.


Eý, doganlar, durmuş ýörelgäňiz Isa Mesihiň Hoş Habaryna laýyk bolsun. Şonda ýanyňyza baryp sizi görsem-de, ýanyňyzda bolman, siz barada eşitsem-de, Hoş Habara daýanýan iman ugrunda bir adam ýaly göreşip, ýeke-täk bir Ruhda berk durandygyňyzy bilerin.


Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň.


Kim geplese, Hudaýyň sözleri bilen geplesin. Kim hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Isa Mesih arkaly Hudaý ähli zatda şöhratlansyn! Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňky bolsun! Omyn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan