Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:30 - Mukaddes Kitap

30 Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

30 Мукаддес гулуң Исаның ады билен хассалара шыпа бермек үчин ве аламатлардыр мугҗызалар гөркезмек үчин бизе элиңи узат!»

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:30
19 Iomraidhean Croise  

Şonuň üçin hem ysraýyllara aýt: „Men Rebdirin. Men sizi Müsür zulumyndan çykaryp, gulçulykdan azat ederin. Gudratly güýç bilen we agyr jezalarym bilen Men sizi olardan azat ederin.


«Ýa Reb, Özüň bilýärsiň. Meni ýada sal, ýardam et maňa. Meni yzarlanlardan arymy alaýyn. Olara sabyr-takatly bolma, meni öldürmeklerine ýol berme. Bu kemsidilmelere Seniň hatyraň üçin çydaýandygymy bilgin.


Isa oňa: «Siz alamatlar, mugjyzalar görmeseňiz, asla ynanmarsyňyz» diýdi.


Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady.


Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy.


Petrus oňa: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne özümde barymy saňa berýärin. Nasyraly Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: Tur-da, ýöre!» diýdi.


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler.


Hudaýyň merhemetinden we gudratyndan doly bolan Stefan halk arasynda ajaýyp mugjyzalardyr alamatlar görkezýärdi.


Hudaýyňyz Rebbiň Müsürde gözüňiziň alnynda siziň üçin eden işleri ýaly iş edip, başga haýsy hudaý özi üçin bir halky bela-beterler, alamatlar, mugjyza, uruş, güýç-gudrat, äpet elhençlikler bilen başga halkyň arasyndan alyp çykdy?


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan