Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:26 - Mukaddes Kitap

26 Rebbe we Onuň Saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar, hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar“.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Реббе ве Онуң Сайланына гаршы дүнйә шалары аяга галяр, хөкүмдарлар биригйәр ве баш галдыряр“.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:26
14 Iomraidhean Croise  

Milletler arasyndaky başbozarlyk näme? Halklar nämä biderek pitne turuzýar?


Rebbe we Onuň saýlanyna garşy dünýä şalary aýaga galýar; hökümdarlar birigýär we baş galdyrýar.


Emma Hökmürowan Reb şeýle diýýär: ‘Bu amala aşmaz, berjaý bolmaz ol.


Jenaýatçylygy ýok edip, günäleriň soňuna çykmak üçin, etmişlerden saplanmak we ebedi dogruçyllygy berkarar etmek üçin, weliligi hem pygamberligi möhürlemek we iň mukaddesi seçip-saýlamak üçin seniň halkyňa we mukaddes şäheriňe ýediýyllyk ýetmiş möhlet karar edildi.


«Rebbiň ruhy üstümdedir. Garyplara Hoş Habary bildirmegim üçin, Ol Meni seçip-saýlady; tussaglara azatlygy, körlere gözüniň açyljakdygyny yglan etmäge Ol Meni iberdi. Zulum astyndakylary azatlyga çykarmaga, Rebbiň merhemet ýylyny jar etmäge Meni iberdi».


Hudaýyň nasyraly Isany Mukaddes Ruh we güýç-gudrat bilen dolduryp, Ony saýlap-seçendigini bilýänsiňiz. Isa çar tarapa aýlanyp, köp ýagşy işler etdi, iblisiň hökmürowanlygyndan ejir çekýänleriň baryna şypa berdi, sebäbi Hudaý Onuň bilendi.


Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum».


Ýedinji perişde surnaýyny çaldy. Gökden: «Dünýä şalygy indi Rebbimiziň we Onuň Saýlanynyň şalygydyr. Hudaý asyrlarboýy şalyk sürjekdir» – diýip gygyrýan batly sesler eşidildi.


Mundan soň gökden bir batly ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Ine, Hudaýymyzyň halas etjek pursady geldi! Onuň gudraty we şalygy amala aşdy. Onuň Saýlanynyň hökmürowanlygy berkarar boldy. Hudaýymyzyň huzurynda doganlarymyzy gije-gündiz aýyplaýan, olara töhmet atýan şeýtan aşak zyňyldy.


Çünki Hudaý Öz maksadyny amala aşyrmak islegini olaryň ýüregine guýdy. Şunlukda, olar Hudaýyň sözleri berjaý bolýança, özleriniň hökmürowanlyk ygtyýaryny jandara bermäge biragyzdan razy bolarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan