Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:21 - Mukaddes Kitap

21 Mejlis agzalary olara iň soňky duýduryş berenden soň, olary boşadyp goýberdiler. Olary jezalandyrmak üçin hiç hili bahana tapyp bilmediler, sebäbi bolan wakany ähli halk bilip, Hudaýy şöhratlandyrýardy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

21 Меҗлис агзалары олара иң соңкы дуйдурыш беренден соң, олары бошадып гойбердилер. Олары җезаландырмак үчин хич хили бахана тапып билмедилер, себәби болан ваканы әхли халк билип, Худайы шөхратландырярды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:21
18 Iomraidhean Croise  

Halk lallaryň gepleýändigini, maýyplaryň sagalandygyny, körleriň görýändigini, agsaklaryň ylgaýandygyny görüp haýran galdy. Olar Ysraýyl Hudaýyny şöhratlandyrdylar.


Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.


Olar: «Baýram günlerinde tutmalyň, halk galmagal turzaýmasyn» diýişdiler.


Arwah-jyn kowlandan soň, lal adam geplemäge başlady. Halk muňa haýran galyp: «Ysraýylda hiç haçan beýle zat görlen däldir» diýişdi.


Muny gören mähelläni gorky gaplap aldy. Olar ynsanlara şeýle ygtyýary beren Hudaýy şöhratlandyrdylar.


Isa bu sözleri aýdan wagty, Oňa garşy çykanlaryň hemmesi utandy. Halk bolsa Onuň edýän ajaýyp işlerine begendi.


Töwrat mugallymlary bilen ýolbaşçy ruhanylar Ony şol wagtyň özünde tutmagyň ýoluny agtardylar, sebäbi Onuň bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňdylar. Emma olar halkdan gorkýardylar.


Eger-de ynsandan diýsek, ähli halk bizi daşlar, sebäbi halk Ýahýanyň pygamberdigine ynanýar».


Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň ýoluny agtarýardylar, emma halkdan gorkýardylar.


Ähli adamlar haýran galyp, Hudaýy şöhratlandyrdylar. Olary gorky gaplap aldy, olar: «Bu gün şeýle bir geň zatlar gördük» diýişdiler.


Emma bu habar halk arasynda has-da köp ýaýramaz ýaly öňüni alalyň we mundan beýläk Isanyň ady bilen hiç kime hiç zat aýtmazlyklary üçin, olara duýduryş bereliň».


Gudrat arkaly şypa tapan adam bütin ömrüne, kyrk ýyldan gowrak bäri otura maýypdy.


Halk olara uly hormat goýsa-da, hiç kim olara goşulmaga milt edip bilmedi.


Şeýlelikde, baştutan bilen gullukçylar gidip, olary güýç ulanmazdan getirdiler, sebäbi olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.


Şeýlelikde, olar Gamaliýeliň maslahatyny kabul etdiler. Olar resullary çagyryp ýençdirdiler we Isanyň ady bilen geplemezligi tabşyryp, olary boşatdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan