Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:13 - Mukaddes Kitap

13 Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

13 Меҗлис агзалары Петрус билен Ёханнаның батыргайлыгыны гөренлеринде ве оларың окув окамадык бир йөнекей адамлардыгыны биленлеринде хайран галдылар, оларың Исаның шәгиртлеридигине гөз етирдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:13
22 Iomraidhean Croise  

Şol wagt Isa sözüni dowam edip, şeýle diýdi: «Eý, Atam, ýeriň we gögüň Hökümdary! Bu zatlary akyldarlardan, düşünjelilerden ýaşyryp, çagalara aýan edeniň üçin Saňa şükür edýärin!


Soňra ol howlynyň öň tarapyna çykdy. Ony başga bir keniz görüp, ol ýerde duranlara: «Bu adam nasyraly Isa bilen biledi» diýdi.


Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi seniň gepleýşiň muny bildirip dur» diýdiler.


Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi.


Isa ejesini we onuň ýanynda duran söýgüli şägirdini görüp, ejesine: «Eý, zenan, bu seniň ogluňdyr» diýdi.


Ýahudylar haýran galyp: «Bu adam hiç ýerde okamadyk bolsa-da, Mukaddes Ýazgylary nireden bilýärkä?» diýişýärdiler.


Ýokdur! Emma Töwrady bilmeýän bu nadan halk nälet astyndadyr!» diýdiler.


Şypa tapan adam hem bu iki resul bilen bile durdy. Şonuň üçin olaryň garşysyna hiç zat aýdyp bilmediler.


Emma Petrus bilen Ýohanna olara: «Hudaýyň sözlerine däl-de, siziňkä gulak asmak Hudaýyň nazarynda dogrumydyr? Özüňiz netije çykaryň!


Ýa Reb, olaryň haýbat atyşlaryny bir görsene! Indi Seniň Hoş Habaryňy batyrgaýlyk bilen aýtmaga biz gullaryňa güýç-gaýrat ber.


Doga-dileg edip bolanlaryndan soň, olaryň üýşüp duran ýeri sarsdy. Hemmeler Mukaddes Ruhdan dolup, batyrgaýlyk bilen Hudaýyň Hoş Habaryny aýtmaga başladylar.


Onsoň Barnap Şawuly alyp, resullaryň ýanyna getirdi. Ol Şawulyň ýolda Rebbi görendigini, Rebbiň onuň bilen gepleşendigini, Damaskda Isanyň ady bilen hiç bir gorkusyz wagyz edendigini olara gürrüň berdi.


Şeýlelikde, Şawul olaryň ýanynda galdy we Iýerusalimiň ähli ýerinde Isanyň ady bilen batyrgaý wagyz etdi.


Emma danalary utandyrmak üçin, Hudaý bu dünýäniň akmak saýýanlaryny saýlady. Güýçlülerini utandyrmak üçin hem bu dünýäniň ejiz saýýanlaryny saýlady.


Şonda onuň ýürek syrlary aýan bolar-da, ýüzin ýykylar. «Hudaý, dogrudan-da, siziň araňyzda eken!» diýip, Oňa sežde eder.


Biz şeýle umydymyz bolany üçin batyrgaýlyk bilen hereket edýäris.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan