Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Petrus bilen Ýohanna halka gürrüň berip durkalar, birnäçe ruhanylar, ybadathana goragçylarynyň baştutany we saddukeýler olara garşy çykdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Петрус билен Ёханна халка гүррүң берип дуркалар, бирнәче руханылар, ыбадатхана горагчыларының баштутаны ве саддукейлер олара гаршы чыкдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 4:1
20 Iomraidhean Croise  

Şägirtler Isanyň özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan goranyň diýýändigine şonda düşündiler.


Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. Olar Isadan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýändigiňi, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakmaýarsyň.


Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.


Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary, ýaşulular hem Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine:


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Bir gün Isa ybadathananyň howlusynda halka öwredip, Hoş Habary wagyz edýärkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna geldiler.


Ýudas ýolbaşçy ruhanylar bilen serkerdeleriň ýanyna baryp, Isany nädip olaryň eline salyp berjekdigi barada maslahatlaşdy.


Meniň size: «Hyzmatkär hojaýyndan beýik däldir» diýen sözümi ýadyňyza salyň. Olar Meni yzarlasalar, onda sizi-de yzarlarlar. Meniň sözümi berjaý etseler, siziňkini-de berjaý ederler.


Ol Rim esgerleriniň bir bölümi bilen birlikde ýolbaşçy ruhanylaryň we fariseýleriň iberen garawullaryny alyp geldi. Olaryň elleri çyraly, panusly we ok-ýaraglydy.


Baş ruhany Hanan, Kaýafa, Ýohanna, Isgender we baş ruhanynyň garyndaşlary şol ýerdediler.


Şeýlelikde, baş ruhany we onuň ýanyndaky saddukeýleriň ählisi göriplikden ýaňa aýaga galdylar.


Ybadathana goragçylarynyň baştutany, ýolbaşçy ruhanylar bu sözleri eşidenlerinde: «Bu näme boldugyka?» diýşip, aljyraňňylyga düşdüler.


Şeýlelikde, baştutan bilen gullukçylar gidip, olary güýç ulanmazdan getirdiler, sebäbi olar halkyň özlerini daşlamagyndan gorkýardylar.


Şeýdip, olar halky, ýaşululary we Töwrat mugallymlary öjükdirdiler. Stefany tutup, ýokary mejlise alyp geldiler.


Şeýlelikde, Hudaýyň Hoş Habary has-da ýaýrap, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi. Köp sanly ruhanylar-da iman etdiler.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan