Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 3:4 - Mukaddes Kitap

4 Petrus bilen Ýohanna oňa üns berip seretdiler. Soňra Petrus oňa: «Bize seret!» diýdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Петрус билен Ёханна оңа үнс берип серетдилер. Соңра Петрус оңа: «Бизе серет!» дийди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 3:4
11 Iomraidhean Croise  

Onsoň kitaby ýapyp, ony yzyna – hyzmatkäre berdi-de oturdy. Sinagogadakylaryň barynyň gözi Oňa dikildi.


Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi.


Isa ýatan hassany görüp, onuň ençeme ýyldan bäri bu derdi çekýändigini bildi. Şonuň üçin ondan: «Sagalmak isleýärsiňmi?» diýip sorady.


Korneliý gorky içinde gözlerini oňa dikip: «Gulak asýan!» diýdi. Perişde oňa: «Seniň Hudaýa eden dogalaryň, garyplara paýlan sadakalaryň Onuň nazarynda kabul boldy.


Onuň içine dykgat bilen seredip synlanymda, öý haýwanlaryndan başlap, ýabany hem süýreniji haýwanlardyr guşlary gördüm.


Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler.


Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýohannany goýbermän durka, tutuş halk haýran galyp, olara tarap, Süleýmanyň eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi.


Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz?


Bu adam Petrus bilen Ýohannanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi.


Ýaňky adam olardan bir zat alaryn öýdüp, olara çiňerilip seretdi.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan