Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 3:26 - Mukaddes Kitap

26 Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

26 Яман ёлуңыздан өврүп, сизи ялкамак үчин, Худай Өз гулы Исаны сайлады ве илки билен Оны сизе ёллады».

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 3:26
41 Iomraidhean Croise  

Men Efraýymyň nalaýan sesini eşitdim: „Men baş öwredilmedik öküz ýalydym. Sen maňa terbiýe berdiň, men sapak aldym. Meni dogry ýola sal, ýola geleýin, çünki meniň Hudaýym Reb Sensiň.


Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi.


Isa hem: «Men diňe ysraýyl halkynyň azaşan goýunlaryna iberildim» diýip jogap berdi.


Şeýle hem toba edip, günäleriniň bagyşlanmagy baradaky Hoş Habary Iýerusalimden başlap, ähli milletlere Onuň adyndan wagyz edilmelidir.


Siz samariýalylar kime sežde edýäniňizi bilmeýärsiňiz, biz kime sežde edýänimizi bilýäris, sebäbi halas bolmaklyk ýahudylardan gelýändir.


Emma siziň üstüňize Mukaddes Ruh inende, güýç-gudratdan dolarsyňyz. Iýerusalimde, tutuş Ýahudyýada we Samariýada, ýer ýüzüniň dört künjeginde siz Meniň şaýatlarym bolarsyňyz» diýip jogap berdi.


Eý, doganlar, Ybraýymyň nesilleri! Eý, Rebbe sežde edýän keseki milletler! Halasgärimiz baradaky bu habar bize berildi.


Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi.


Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys.


Ilki bilen Damaskda, Iýerusalimde, soňra tutuş Ýahudyýada, şeýle hem, keseki milletleriň arasynda: „Günäleriňiz üçin toba ediň, Hudaýa dolanyň, toba edendigiňizi oňat işleriňiz bilen subut ediň“ diýip wagyz etdim.


Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz.


Siz Ýaşaýyş Gözbaşyny öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi. Biz muňa şaýatdyrys.


Şonda Reb size aram tapyş pursadyny berer. Ol siziň üçin bellenen Mesihi, ýagny Isany ýollar.


Musa şeýle diýipdi: „Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar. Onuň size aýtjak her bir sözüne gulak asyň.


Siz şol pygamberleriň nesillerisiňiz we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasçylarysyňyz. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly pata alarlar!“ diýdi.


Men bu Hoş Habary wagyz etmekden utanmaýaryn, sebäbi ol Hudaýyň güýjüdir. Hudaý bu Hoş Habar arkaly her bir iman edeni: ilki bilen ýahudylary, soňra ýahudy dälleri halas edýär.


Siziň ýanyňyza baranymda bolsa, bilelikde geçirjek wagtymyzy Isa Mesihiň boldan-bol ýalkajakdygyna ynanýaryn.


Çünki Isa Mesih Hudaýyň sadyklygyny aýan edip, ata-babalara berlen wadanyň berjaý bolmagy üçin ýahudylaryň hyzmatkäri boldy.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Mesih arkaly bizi gökdäki ruhy ýalkanyşlaryň ählisi bilen ýalkady.


Rebbimiz Isa Mesihiň Atasy Hudaýa öwgüler bolsun! Ol Öz beýik merhemetine görä, Isa Mesihiň ölümden direlmegi arkaly bizi täze durmuşa we ýaşaýyş umydyna gowşurdy.


Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz.


Imandan dänmez ýaly, Hudaý sizi goramagy we şatlykdan dolduryp, Öz şöhratly huzuryna sizi bütinleý müýnsüz getirmegi başarýandyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan