Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

16 Ине, сизиң гөрйән хем танаян бу адамыңыз Исаның адына болан иманы аркалы гөзүңизиң алнында бүтинлей сагалды. Сизиң хеммәңизиң гөршүңиз ялы, Иса болан бу иман оны сагалтды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 3:16
21 Iomraidhean Croise  

Isa: «Gel!» diýdi. Petrus hem gaýykdan düşüp, Isanyň ýanyna barjak bolup, suwuň ýüzünden Isa tarap ýöremäge başlady.


Isa öwrülip, ony gördi-de: «Eý, naçar, dogumly bol, imanyň saňa şypa berdi» diýdi. Aýal şol pursadyň özünde sagaldy.


Size dogrusyny aýdýaryn, Maňa iman eden Meniň bitiren işlerimi-de bitirer, hatda bulardan hem has beýik işleri bitirer. Sebäbi Men Atanyň ýanyna barýaryn.


Şeýlelikde, Musanyň kanuny bozulmasyn diýip hem, özüňiz Sabat güni sünnet edýäňiz. Onda näme üçin Sabat güni bir adamy bütinleý sagaldandygym üçin Meni ýazgarýarsyňyz?


Bu adam Pawlusyň gürrüňini diňläp otyrdy. Pawlus hem oňa dikanlap seredip, onuň sagaljagyna imanynyň bardygyny gördi.


Ol ençeme günläp şeýle diýip gygyrmagyny dowam etdi. Ahyry Pawlus bizar bolup, yzyna öwrülip, arwah-jyna: «Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: bu gyzyň içinden çyk!» diýdi. Arwah-jyn şol pursadyň özünde gyzdan çykdy.


Petrus oňa: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne özümde barymy saňa berýärin. Nasyraly Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: Tur-da, ýöre!» diýdi.


Ol ýokary towusdy-da, ýöräp başlady. Onsoň Hudaýa alkyş aýdyp, ýöräp hem towsup, olar bilen birlikde ybadathana girdi.


onda siziň hemmäňiz, ähli ysraýyl halky şuny bilip goýuň: ine, bu adam nasyraly Isa Mesihiň ady bilen şypa tapyp, sag-salamat öňüňizde dur. Siz Isany haça çüýlediňiz, emma Hudaý Ony ölümden direltdi.


Mukaddes guluň Isanyň ady bilen hassalara şypa bermek üçin we alamatlardyr mugjyzalar görkezmek üçin bize eliňi uzat!»


Olar Petrus bilen Ýohannany ortada durzup: «Siz muny haýsy gudrat bilen, kimiň adyndan etdiňiz?» diýip soradylar.


Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur,


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan