Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Hawa, siz Mukaddes we Dogry Bolany inkär edip, bir ganhoryň boşadylmagyny talap etdiňiz.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

14 Хава, сиз Мукаддес ве Догры Боланы инкәр эдип, бир ганхорың бошадылмагыны талап этдиңиз.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 3:14
22 Iomraidhean Croise  

Olar rehim etmäge ýapýarlar ýüreklerini, ulumsylyk bilen gürleýär olaryň agzy.


Şatlan, eý, Sion gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, Patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär.


Emma ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulular Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.


«Eý, nasyraly Isa! Biziň bilen näme işiň bar? Bizi ýok etmäge geldiňmi? Men Seniň kimdigiňi bilýärin, Sen Hudaýyň Mukaddesisiň» diýip gygyrdy.


Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler.


Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy.


Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.


Olaryň soran adamyny, gozgalaň turzup, adam öldüreni üçin zyndana salnan adamy boşatdy, Isany bolsa olaryň ygtyýaryna berdi.


Adalat babatda bolsa, Men Atamyň ýanyna gidýärin we mundan beýläk siz Meni görmersiňiz.


Şonda olar: «Ony däl, bize Barabbasy boşat!» diýip gygyryşdylar. Barabbas bolsa bir gozgalaňçydy.


Ölüm jezasyna laýyk hiç bir sebäp tapmasalar-da, Pilatdan Onuň öldürilmegini talap etdiler.


Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň, sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.


Hanany maňa: „Ata-babalarymyzyň Hudaýy seni saýlady. Ol muny Onuň islegini bilmegiň, Dogry Bolany görüp, owazyny eşitmegiň üçin etdi.


Hakykatdan-da, keseki milletler we ysraýyl halky bilen birlikde Hirod we Pontiý Pilat bu şäherde Öz saýlap-seçen mukaddes guluň Isa garşy aýaga galdylar.


«Biz size şu at bilen wagyz etmäň diýip, berk tabşyryk bermänmidik? Siz bolsa öz taglymatyňyz bilen bütin Iýerusalimi doldurdyňyz. Bu adamyň ganyny hem biziň üstümize ýüklejek bolýarsyňyz» diýdi.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.


Özüňize garşy çykmasa-da, bigünä adamy höküm edip öldürdiňiz.


Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi.


Eziz balalarym! Men size şulary günä etmezligiňiz üçin ýazýaryn. Emma kimdir biri günä etse, Atanyň huzurynda aklawçymyz Isa Mesih bar, Ol adyldyr.


«Filadelfiýadaky ýygnagyň perişdesine şuny ýaz: Bu habar mukaddes we hakyky Bolandandyr. Ol Dawut açarynyň Eýesidir. Onuň açan gapysyny hiç kim ýapyp bilmez. Onuň ýapan gapysyny hiç kim açyp bilmez. Ine, Ol şeýle diýýär:


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan