Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 3:1 - Mukaddes Kitap

1 Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Бир гүн Петрус билен Ёханна өйлән сагат үчлерде – дога-дилег вагты ыбадатхана гитдилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 3:1
27 Iomraidhean Croise  

Agşam gurbanlyk hödürlenmeli wagty Ylýas pygamber gurbanlyk sypasyna golaý gelip, şeýle dileg etdi: «Eý, Ybraýymyň, Yshagyň, Ysraýylyň Hudaýy Reb, bu gün Sen Ysraýylda Hudaýdygyňy, meniň guluňdygymy, meniň bu ähli zatlary Seniň tabşyrygyň bilen edýändigimi subut et.


Olaryň birini ertirine, beýlekisini agşamyna soý.


Permana gol çekilenini bilenden soň, Danyýel öýüne gaýtdy. Onuň ýokarky otagynyň penjireleri Iýerusalime tarap bakýardy. Danyýel öňki edişi ýaly, dyzyna çöküp, günde üç gezek öz Hudaýyna dileg edýärdi we Onuň öňünde şükür edýärdi.


Şonda agşam gurbanlyk berilýän wagty men entek dileg edip durkam, öňki görnüşimde gören adamym Jebraýyl çaltlyk bilen uçup, ýanyma geldi.


Toklularyň birini ir bilen, beýlekisini agşamara bersinler.


Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy.


Isa Petrusy, Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohannany ýanyna aldy. Ol tukatlanyp, gaýgylanmaga başlady.


Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy.


Tütetgi tütetmeli pursady geldi, ähli jemagat daşarda Hudaýa doga okap durdy.


«Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken.


Isa: «Gidiň-de, biziň üçin Pesah naharyny taýýarlaň» diýip, Petrus bilen Ýohannany iberdi.


Olar hemişe ybadathanada bolup, Hudaýa alkyş okaýardylar.


Şonda Isanyň söýgüli şägirdi Petrusa ýüzlenip: «Bu Reb Isadyr!» diýdi. Simun Petrus Onuň Rebdigini eşiden badyna egnindäki köýneginiň etegini guşagyna gysdyryp, özüni köle oklady.


Bir gün öýlän sagat üçlerde Kornelä bir görnüş aýan bolup, öz ýanyna Hudaýyň bir perişdesiniň gelenini aýdyň gördi. Perişde: «Eý, Korneliý!» diýip seslendi.


Korneliý şeýle jogap berdi: «Üç gün mundan ozal şu wagtlar agzym beklidi. Öýlän sagat üçlerde öýümde Hudaýa doga-dileg edýärdim. Ine, birdenkä garşymda lowurdaýan eşikde bir adam peýda boldy. Ol maňa:


Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar.


Bu adam Petrus bilen Ýohannanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi.


Petrus bilen Ýohanna oňa üns berip seretdiler. Soňra Petrus oňa: «Bize seret!» diýdi.


Mejlis agzalary Petrus bilen Ýohannanyň batyrgaýlygyny görenlerinde we olaryň okuw okamadyk bir ýönekeý adamlardygyny bilenlerinde haýran galdylar, olaryň Isanyň şägirtleridigine göz ýetirdiler.


Şol wagt biri gelip, olara: «Anha, zyndana salan adamlaryňyz ybadathanada halka wagyz edip durlar» diýip habar berdi.


Resullar samariýalylaryň Hudaýyň Hoş Habaryny kabul edendigini Iýerusalimde eşidip, Petrus bilen Ýohannany olaryň ýanyna iberdiler.


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan