Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 28:9 - Mukaddes Kitap

9 Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

9 Бу вакадан соң, ададакы бейлеки хассалар-да гелип шыпа тапдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 28:9
7 Iomraidhean Croise  

Onuň at-owazasy bütin Siriýa ýaýrady, dürli kesellere duçar bolan ähli hassalary, arwah-jyn eýelänleri, tutgaýlylary we oturalary Isanyň ýanyna getirdiler, Ol hem olary sagaltdy.


Olar bütin adany aýlanyp, Pafosa geldiler. Ol ýerde Barýeşa atly bir ýahuda duş geldiler. Ol jadygöý we galp pygamberdi.


Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler.


Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.


Resullar halk arasynda ençeme alamatlar, mugjyzalar görkezýärdiler. Ähli imanlylar ybadathanadaky Süleýmanyň eýwanynda üýşerdiler.


Petrus geçip gidende, hiç bolmanda, onuň kölegesi hassalaryň üstüne düşsün diýip, olary köçelere çykaryp, çarpaýalarda we düşeklerde ýatyrýardylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan