Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 28:8 - Mukaddes Kitap

8 Şol wagt onuň kakasyny ysytma we içagyry tutup ýatyrdy. Pawlus hassanyň ýanyna geldi we doga-dileg etdi-de, onuň üstüne elini goýup, şypa berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

8 Шол вагт онуң какасыны ысытма ве ичагыры тутуп ятырды. Павлус хассаның янына гелди ве дога-дилег этди-де, онуң үстүне элини гоюп, шыпа берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 28:8
22 Iomraidhean Croise  

Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olara arwah-jynlary kowmaga, her hili kesellere we dertlere şypa bermäge ygtyýar berdi.


Hassalary sagaldyň, deri kesellileri tämizläň, ölüleri direldiň, arwah-jynlary çykaryň. Mugt aldyňyz, mugt beriň.


Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy.


Isa olara bu zatlary aýdyp durka, bir ýolbaşçy gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. Ol: «Meniň gyzym ýaňyja öldi, emma Sen gelip, eliňi onuň üstünde goýsaň, ol direler» diýdi.


Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».


Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi.


Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi.


Isanyň ýanyna ker hem peltek bir adamy getirip, onuň başyna elini goýmagyny sorap, Oňa ýalbardylar.


Onsoň Isa ellerini aýalyň üstünde goýdy welin, ol şobada dikelip, Hudaýy şöhratlandyrmaga başlady.


Gün batanda, adamlar her dürli kesellileri Isanyň ýanyna getirdiler. Isa hem olaryň her biriniň üstüne elini goýup şypa berdi.


Ol ýeriň golaýynda adanyň Publiý atly başlygynyň mülki bardy. Publiý bizi myhman alyp, üç günläp ýürekden hyzmat etdi.


Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar.


Petrus hemmäni daşary çykardy we dyza çöküp, Hudaýa doga etdi. Soňra ol jesede tarap öwrülip: «Tawita, tur!» diýdi. Aýal gözlerini açdy, Petrusy görüp, dik oturdy.


Hudaý ýygnaga ilki bilen resullary, soňra pygamberleri, üçünji edip öwredijileri belledi. Soňra gudrat görkezýänleri we şypa berýänleri, ýardam berýänleri we dolandyrýanlary, soňra nämälim dillerde gürleýänleri belledi.


Başga birine Mukaddes Ruh iman baýlygyny, ýene birine şypa berme peşgeşlerini berýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan