Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 28:3 - Mukaddes Kitap

3 Pawlus bir üýşmek odun çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Павлус бир үйшмек одун чөпләп, одуң үстүне гоянда, бир зәхерли йылан одуң ховрундан гачып, онуң элине япышды.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 28:3
13 Iomraidhean Croise  

Ýylanlaryň zäherini sorarlar, alahöwreniň dişi olary öldürer.


Negep haýwanlary barada pygamberlik: urkaçy hem erkek arslanyň, alahöwreniň hem uçýan ýylanyň ýaşaýan, alada hem hasrat ýurdunyň üstünden geçip, baýlyklaryny eşekleriniň arkasyna, hazynalaryny düýeleriniň örküjine atyp, peýdasyz halka äkidip berýärler.


Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.


Kepjebaşyň ýumurtgalaryny basyrýarlar, möý kerebini dokaýarlar; olaryň ýumurtgalaryny iýen ölýär, alahöwren çykýar döwlen ýumurtgadan.


Ol gün bir kişiniň arslandan gaçyp, aýa duş gelşi kimindir. Öýüne gelip, elini diwara söýände, ony ýylanyň çakyşy kimindir.


Eý, alahöwrenler nesli! Ynsanyň dili ýüreginden joşanyny sözleýändir. Şeýlelikde, özüňiz erbetkäňiz, nädip siz oňat zatlar sözläp bilersiňiz?


Eý, ýylanlar! Eý, alahöwrenler nesli! Siz dowzahyň jezasyndan nähili gaçjaksyňyz?


Ýahýa fariseýleriň we saddukeýleriň ençemesiniň çümdürilmek üçin öz ýanyna gelýändiklerini görende, olara şeýle diýdi: «Eý, alahöwrenler nesli! Geljek gazapdan gaçyp gutulyp bileris öýdýäňizmi?


Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar».


Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.


Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.


Mesihiň hyzmatkärlerimi? Akmaklyga salyp şuny diýýärin: men olardan-da artykdyryn! Men olardan köp zähmet çekdim, zyndanlara-da olardan köp düşdüm. Ýenjilmekde-de olardan köp urlup-ýenjildim. Olara garanyňda ajal bilen has köp gezek ýüzbe-ýüz boldum.


Biz tanalsak-da, ret edilýäris; ajal ýakamyzdan tutsa-da, diridiris; jezalandyrylsak-da, öldürilen däldiris;


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan