Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 28:2 - Mukaddes Kitap

2 Ýerli halk biziň bilen örän mylakatly boldy. Howa ýagyşly we sowuk bolansoň, olar ot ýakyp, hemmämizi oňat garşy aldylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

2 Ерли халк бизиң билен өрән мылакатлы болды. Хова ягышлы ве совук болансоң, олар от якып, хеммәмизи оңат гаршы алдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 28:2
19 Iomraidhean Croise  

Onsoň Ýahudanyň we Benýaminiň ähli adamlary üç günüň içinde Iýerusalime ýygnandylar. Bu dokuzynjy aýyň ýigriminji günüdi. Ähli adamlar bu işiň wajyplygyndan we güýçli ýagyşdan ýaňa galpyldaşyp, Hudaýyň ybadathanasynyň öňündäki açyk meýdançada oturdylar.


Öz halkyňdan öç alma, olaryň hiç biri babatda içiňde kitüw saklama. Gaýtam, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý. Men Rebdirin.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler siziň üçin ildeşiňiz ýaly bolsun. Olary özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, çünki sizem Müsür ilinde gelmişek bolupdyňyz. Hudaýyňyz Reb Mendirin.


Kim Meniň şägirdimiň hormaty üçin, bu pes saýylýanlaryň birine diňe bir käse sowuk suw berse-de, size dogrusyny aýdýaryn, ol asla sylagsyz galmaz».


Howanyň sowuk bolany üçin hyzmatkärler we garawullar ot ýakyp, çoýunyp durdular. Petrus hem olaryň ýanynda ýylnyp durdy.


Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi.


Pawlus bir üýşmek odun çöpläp, oduň üstüne goýanda, bir zäherli ýylan oduň howrundan gaçyp, onuň eline ýapyşdy.


Ýerli halk onuň elinden ýylanyň sallanyp durşuny görende, biri-birine: «Bu adam ganhor bolsa gerek, ol deňizden halas bolsa-da, takdyry ony ýaşamaga goýmady» diýişdiler.


Men medeniýetli ýa-da medeniýetsiz, sowatly ýa-da sowatsyz adamlara, garaz, hemmelere Hoş Habary wagyz etmäge borçludyryn.


Imany gowşagy onuň garaýyşlary barada jedelleşmezden kabul ediň.


Islendik tagamy iýip bilýän imanly iýmeýän imanla äsgermezlik etmesin; iýmeýän-de hemme zady iýýäni ýazgarmasyn, sebäbi Hudaý ony kabul edendir.


Sünnetsiz bolsa-da, Kanunyň parzlaryny berjaý edýän adam seni ýazgarmazmy? Sebäbi sen Mukaddes Ýazgylara eýe bolup, sünnetli bolsaň-da, Kanuny bozýarsyň ahyryn!


Emma men kimdir biriniň aýdýanlaryna düşünmesem, men onuň üçin keseki ýurtludyryn. Ol hem meniň üçin keseki ýurtludyr.


Men agyr zähmet çekdim, gara işde işledim, ençeme gijäni ukusyz geçirdim; aç-suwsuzlygyň nämedigini bilýärin; açlykda gezdim, sowukda ýarym-ýalaňaç galdym.


Bu ýaradylyşda ýahudy däl bilen ýahudynyň, sünnetli bilen sünnetsiziň, nadan bilen medeniýetsiziň, gul bilen azadyň arasynda hiç bir parh ýokdur, emma Mesih hemme zatdyr, hemme zatdadyr.


Myhmansöýer boluň. Çünki myhmansöýer adamlaryň käbiri perişdeleriň kimdigini bilmezden olary myhman aldylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan