Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 28:10 - Mukaddes Kitap

10 Olar bize köp sylag-hormat etdiler. Ýola ugramakçy bolanymyzda, bize zerur ähli zatlary getirip, gämä ýüklediler.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

10 Олар бизе көп сылаг-хормат этдилер. Ёла уграмакчы боланымызда, бизе зерур әхли затлары гетирип, гәмә йүкледилер.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 28:10
15 Iomraidhean Croise  

Şeýdip, Hazaýyl özi bilen Damaskyň dürli-dümen harytlaryndan kyrk düýe ýüki sowgatlar alyp, Hudaýyň adamyny garşylamaga gitdi. Ol baryp, Elýaşanyň öňünde durup: «Siriýa patyşasy guluň Benhadat: „Men bu hassalykdan sagalarmykam?“ diýip soramak üçin meni seniň ýanyňa iberdi» diýdi.


Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne şöhrat getirmek üçin patyşanyň kalbyna bu zatlary salan atalarymyzyň Hudaýy Rebbe alkyş bolsun!


Özge hudaýlara eýerýänler köpelder öz hasratyny; men guýmaryn olaryň guýýan ganly içgi sadakasyny, agzamaryn olaryň atlaryny.


Üç aýdan soň, biz Ekiz hudaýlar atly gämi bilen deňze çykdyk. Bu gämi Isgenderiýadan gelip, gyşda şol adada galypdy.


Bu wakadan soň, adadaky beýleki hassalar-da gelip şypa tapdylar.


Şöhratly Hudaýym Öz baýlygy bilen siziň, ýagny Isa Mesihe degişli bolanlaryň ähli mätäçlikleriniň öwezini dolar.


Biz ynsanlardan: sizden-de, başgalardan-da öwgi hantama däldik.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan