Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 27:5 - Mukaddes Kitap

5 Kilikiýa we Pamfiliýanyň garşysyndaky deňizden geçip, Likiýanyň Mira şäherine geldik.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

5 Киликия ве Памфилияның гаршысындакы деңизден гечип, Ликияның Мира шәхерине гелдик.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 27:5
9 Iomraidhean Croise  

Pawlus we onuň ýoldaşlary Pafosdan gämä münüp, Pamfiliýadaky Perga şäherine geldiler. Şol ýerde Ýohanna olardan aýrylyp, Iýerusalime dolandy.


Ellerine şu haty berip, olary ugratdylar: «Siziň doganlaryňyz bolan biz resullar we ýolbaşçylar Antiýohda, Siriýada, Kilikiýada ýaşaýan ýahudy däl imanly doganlara salam ýollaýarys.


Emma Pawlus özlerini Pamfiliýada terk edip, Hudaýyň hyzmatyny ahyryna çenli bile dowam etmedik Marky äkitmegi makul bilmedi.


Olar Siriýa, Kilikiýa aýlanyp, ýygnaklary berkitdiler.


Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar.


Pawlus: «Men ýahudy, Kilikiýanyň Tarsus şäherinden, şol meşhur şäheriň raýatydyryn. Maňa halka söz sözlemäge ygtyýar bermegiňi haýyş edýärin» diýdi.


«Men ýahudydyryn. Kilikiýanyň Tarsus şäherinde doguldym, emma şu şäherde ulaldym. Bu ýerde Gamaliýeliň şägirdi bolup, ata-babalarymyzyň kanunynyň berk adatlaryna görä tälim aldym. Bu günki siziň bolşuňyz ýaly, menem Hudaýa juda yhlaslydym.


Emma Azatlar diýip atlandyrylýan sinagoganyň käbir agzalary Stefana garşy çykyp, onuň bilen jedelleşmäge başladylar. Olar kirineýliler, isgenderiýalylar, şeýle hem Kilikiýa we Aziýa welaýatlaryndan gelenlerdi.


Soňra men Siriýa we Kilikiýa sebitlerine gitdim.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan