Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 27:41 - Mukaddes Kitap

41 Emma gämi bir saý ýere düşüp, çägä batdy. Gäminiň burny çägä batyp, hiç tarapa gymyldap bilmedi, arka tarapy bolsa gomlaryň zoruna dargap başlady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

41 Эмма гәми бир сай ере дүшүп, чәгә батды. Гәминиң бурны чәгә батып, хич тарапа гымылдап билмеди, арка тарапы болса гомларың зоруна даргап башлады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 27:41
11 Iomraidhean Croise  

Opyrdan altyn getirer ýaly Ýehoşapadyň deňiz gämileri bardy, ýöne olar Opyra ýetip bilmediler, çünki Esýongebere gelenlerinde, olaryň gämileri çagşady.


Onsoň Mareşadan bolan Dodawahunyň ogly Eligezer Ýehoşapada garşy pygamberlik edip: «Ahazýa goşulandygyň üçin Reb seniň ýasan zadyňy ýok eder» diýdi. Gämiler çagşap, olar Tarşyşa gidip bilmediler.


Kürekçileriň seni açyk deňizlere alyp çykarlar, emma gündogar şemaly deňizler ummanynda seni kül-peýekun eder.


Ine, deňizde, suwlaryň düýbünde kül-peýekun bolanyňda, içiňdäki harytlaryň we ähli jemagatyň özüň bilen bile gark boldy’.


Deňizçiler gaýygy ýokary çekip aldylar we gämi pytrap gitmesin diýip, daşyndan tanap bilen berk bagladylar. Olar Sirtiň çägeli saýlaryna batmakdan gorkup, gäminiň tizligini peseltmek üçin ýelkeni aşak düşürdiler. Şeýdip, gämini şemalyň ugruna goýberdiler.


Deňizçiler gämiden gaçjak bolup, öň tarapdan labyr atmak bahanasy bilen, gaýygy deňze inderdiler.


Labyrlary kesip, deňze goýberen batlaryna, kürege daňlan tanaplary çözdüler-de, öňdäki ýelkeni şemala galdyryp, göni kenara tarap ýüzdüler.


Tussaglaryň hiç biri ýüzüp gaçmaz ýaly, esgerler olary öldürmekçi boldular.


Şoňa görä-de, eý, eziz doganlarym, berk duruň. Goý, sizi asla hiç zat sarsdyrmasyn. Rebbiň işine yhlasly ýapyşyň. Çünki Reb ugrunda çeken zähmetiňiziň biderek däldigini özüňiz-de bilýänsiňiz.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan