Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 27:4 - Mukaddes Kitap

4 Ol ýerden ýene deňziň üsti bilen gitdik. Şemalyň garşymyzdandygy sebäpli Kipr adasynyň demirgazyk tarapyndan, ony penalap, ýüzüp geçdik.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

4 Ол ерден ене деңзиң үсти билен гитдик. Шемалың гаршымыздандыгы себәпли Кипр адасының демиргазык тарапындан, оны пеналап, йүзүп гечдик.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 27:4
10 Iomraidhean Croise  

Gaýyk bolsa şol wagt eýýäm kölüň ortasyndady, tolkunlar gelip, oňa urulýardy, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi.


Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy.


Bir gün Isa şägirtleri bilen bir gaýyga münüp, olara: «Geliň, kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. Şeýdip, olar ýola düşdüler.


Mukaddes Ruh tarapyndan ýollanan Barnap bilen Şawul Selukiýa geldiler. Ol ýerden hem gämili Kipr adasyna gitdiler.


Şeýlelikde, aralarynda agzalalyk döräp, olar biri-birlerinden aýryldylar. Barnap ýanyna Marky alyp, gämi bilen Kipre gitdi.


Kaýsariýadan şägirtleriň birnäçesi hem biziň bilen bile gaýtdylar. Olar bizi Minason diýen adamyň öýüne getirdiler, biz onuňkyda galmalydyk. Minason kiprli bolup, ilkibaşdaky şägirtleriň biridi.


Kipre golaýlanymyzda, onuň günortasyndan geçip, Siriýa tarap ýüzdük. Soňra Sura baryp ýetdik, sebäbi gämi şol ýerde ýüküni düşürmelidi.


Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik.


Imanlylaryň arasynda lewilerden bolan Ýusup atly bir adam bardy. Onuň asly Kiprdendi. Resullar oňa Barnap, ýagny «Ruhlandyryjy» diýip at goýupdylar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan