Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 27:3 - Mukaddes Kitap

3 Ertesi gün Sidon şäherine gelip ýetdik. Ýuliý Pawlus bilen mylakatly boldy, şonuň üçin oňa dostlarynyň ýanyna barmaga we gerekli zatlaryny almaga rugsat berdi.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

3 Эртеси гүн Сидон шәхерине гелип етдик. Юлий Павлус билен мылакатлы болды, шонуң үчин оңа достларының янына бармага ве герекли затларыны алмага ругсат берди.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 27:3
12 Iomraidhean Croise  

Kengandan onuň nowbahar ogly Sidon, soňra Het doguldy. Kengan ýabuslaryň, amorlaryň, girgaşlaryň, hiwileriň, arklaryň, sinleriň, arwatlaryň, semarlaryň we hamatlaryň hem atasydy. Soňra Kengan tireleri dumly-duşa ýaýradylar.


Deňiz kenarynda mesgen tutar Zebulun, gämiler üçin duralga bolar onuň kenary, Sidona ýeter ýeriniň çäkleri.


Ol diýdi: «Eý, Sidonyň ezilen boý gyzy, sen indi şatlanmarsyň. Bar, Kipre git, ol ýerde-de saňa dynçlyk bolmaz».


Bu söz Hadrak bilen araçäkdeş bolan Hamat ýurduna, juda parasatly Sur bilen Sidon şäherlerine hem degişlidir.


«Dat günüňe, eý, Horazin! Dat günüňe, eý, Betsaýda! Sizde görkezilen gudratlar Sur bilen Sidonda görkezilen bolsady, onda olar bireýýäm jul geýnip, kül üstünde oturyp toba ederdiler.


Hirod Sur we Sidon halkyna gaty gazaplanýardy. Olar hem birleşip, Hirodyň ýanyna geldiler-de, patyşanyň baş hyzmatkäri Blastosy öz taraplaryna çekip, ýaraşyk dilediler. Sebäbi olaryň ýurdy patyşanyň ýurdundan azyk alýardy.


Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy.


Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.


Ebrona, Rehoba, Hammona, Kana we Beýik Sidona çenli dowam edýär.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan