Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 27:12 - Mukaddes Kitap

12 Ýöne düşelgede gyşlamaga hiç hili şert bolmansoň, adamlaryň köpüsi, başartsa, bu ýerden Fenikse ýetip, gyşy ol ýerde geçirmegi karar etdiler. Feniks Krit adada ýerleşip, günorta-günbatar we demirgazyk-günbatar tarapdan öwüsýän şemallardan penady.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

12 Йөне дүшелгеде гышламага хич хили шерт болмансоң, адамларың көпүси, башартса, бу ерден Фениксе етип, гышы ол ерде гечирмеги карар этдилер. Феникс Крит адада ерлешип, гүнорта-гүнбатар ве демиргазык-гүнбатар тарапдан өвүсйән шемаллардан пенады.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 27:12
8 Iomraidhean Croise  

Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris».


Şeýlelikde, günorta şemaly ýuwaşja öwüsmäge başlanda, olar öz maksatlaryna ýetendiris öýtdüler. Şonuň üçin labyry çekdiler-de, Krit adanyň golaýy bilen ýola düşdüler.


Hiç kim uzak wagtlap hiç zat datmady. Şonda Pawlus gämidäkileriň ortasynda durup, şeýle diýdi: «Eý, adamlar! Meniň aýdanlaryma gulak asyp, Krit adadan gaýtmadyk bolsadyňyz, onda bu bela-betere sataşmazdyk.


Biz ençeme günläp haýal ýüzüp, kynçylyk baryny görüp, Knidos şäherine ýetdik. Şemalyň bize garşy öwüsýändigi üçin, Salmon ýarym adasynyň ýanyndan geçip, Krit adasyny penalap, ýüzüp gitdik.


Kenara golaý ýüzüp, uly kynçylyk bilen Gözel duralgalar diýen ýere geldik. Bu ýer Laseýa şäherine golaý ýerleşýärdi.


Olaryň bir akyldary şeýle diýipdir: «Krit adasynyň halky elmydama ýalan sözleýär; olar ýyrtyjy haýwanlar, asla garny doýmaýar».


Saňa buýruşym ýaly, tamamlanylmadyk işleri bitir, her şäherdäki imanlylar ýygnagyna ýolbaşçylary belle. Ine, hut şu maksat bilen men seni Krit adasynda goýup gaýdandyryn.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan