Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -




Resul 27:1 - Mukaddes Kitap

1 Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac

Мукаддес Китап

1 Бизи деңиз аркалы Италия ибермеги карар этдилер. Шонда Павлус билен ене-де бирнәче туссагы Империя гошунындакы Юлий диен йүзбаша табшырдылар.

Faic an caibideil Dèan lethbhreac




Resul 27:1
29 Iomraidhean Croise  

Siz maňa ýamanlyk etmek islediňiz, emma görşüňiz ýaly, birtopar adamlary diri galdyrmak üçin Hudaý ol ýamanlygy ýagşylyga öwürdi.


Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Adama boýuntyrygy ýaşlykdan götermek gowudyr.


Isa garawullyk edip duran ýüzbaşy bilen ýanyndaky esgerler ýer titremäni, bolan beýleki zatlary görenlerinde, gorka düşüp: «Hakykatdan-da, bu Hudaýyň Ogly eken!» diýdiler.


Ýüzbaşy bolan wakany görüp, Hudaýy şöhratlandyrdy. Ol: «Bu, hakykatdan-da, dogry adam eken!» diýdi.


Bu ýerde bir ýüzbaşynyň ezizläp hormatlaýan hyzmatkäri keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy.


Kaýsariýada Korneliý atly bir adam bardy. Ol «Italiýa» atly rim goşun bölüminiň ýüzbaşysydy.


Olar: «Bizi ýüzbaşy Korneliý iberdi. Ol dogry we Rebbe sežde edýän adam, ýahudy halkynyň arasynda hem onuň abraýy uludyr. Hudaýyň bir perişdesi oňa: „Petrusy öýüňe çagyryp, onuň aýtjak sözlerini diňle“ diýip buýruk beripdir» diýdiler.


Pawlus bu görnüşi görensoň, Hudaý bizi olara Hoş Habary wagyz etmäge çagyrýar diýen netijä gelip, biz dessine Makedoniýa tarap ýola düşdük.


Ol ýerde Pawlus Akila atly bir ýahudy bilen tanyşdy. Akila asly Pontusly bolup, aýaly Priskilla bilen ýaňy-ýakynda Italiýadan gelipdi. Sebäbi imperator Klawdiý hemme ýahudylaryň Rimden çykmaklary barada perman çykarypdy. Pawlus bu maşgalany görmäge gitdi.


Bu wakalardan soň, Pawlus Makedoniýanyň we Ahaýanyň üstünden geçip, Iýerusalime gitmegi ýüregine düwdi. Pawlus: «Ol ýerde bolanymdan soň, Rimi hem görmegim gerek» diýdi.


Müňbaşy dessine ýüzbaşylaryny we esgerlerini alyp, halkyň üstüne eňdi. Olar müňbaşy bilen esgerleri görenlerinde, Pawlusy ýençmegi bes etdiler.


Ýüzbaşy muny eşidip, müňbaşynyň ýanyna baryp: «Näme etjek bolýaň? Bu adam Rim raýaty ahyry» diýip habar berdi.


Şol gije Reb Isa Pawlusa görnüp, oňa: «Mert bol! Sen Men hakda Iýerusalimde nähili şaýatlyk eden bolsaň, Rimde-de şeýle şaýatlyk etmelisiň» diýdi.


Pawlus hem ýüzbaşylaryň birini ýanyna çagyryp: «Bu ýigidi müňbaşynyň ýanyna elt, oňa bir zat barada habar bermekçi» diýdi.


Feliks ol ýerdäki ýüzbaşa Pawlusy göz astynda saklamagy, emma oňa biraz erkinlik bermegi, onuň mätäçliklerine goldaw bermek isleýän dostlaryna rugsat etmegi buýurdy.


Onsoň Festus mejlis bilen maslahatlaşyp: «Dawaň barada imperatora arz etdiň, imperatoryň ýanyna-da gidersiň» diýdi.


Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim.


Emma ýüzbaşy Pawlusyň maslahatyna gulak asman, gämi ýolbaşçysy bilen gämi eýesiniň gepine ynandy.


Emma ýüzbaşy Pawlusy halas etmek isläp, olary bu niýetlerinden dändirdi. Olara ýüzüp bilýänler gämiden özlerini öňürti zyňsynlar we ýüzüp çyksynlar,


Ýüzbaşy şol ýerde Isgenderiýadan gelip, Italiýa gitjek bolup duran gämini tapdy we bizi oňa mündürdi.


Biz kenara sag-aman çykanymyzdan soň, bu adanyň adynyň Maltadygyny bildik.


Biz Rime gelenimizden soň, Pawlusa bir esgeriň gözegçiligi astynda özbaşdak ýaşamaga rugsat berildi.


Ähli ýolbaşçylaryňyza we Hudaýyň tutuş halkyna salam aýdyň. Italiýaly doganlar size salam ýollaýarlar.


Lean sinn:

Sanasan


Sanasan